5-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmetde tapawutlanan işgärlerine, şol sanda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň enjamlara hyzmat we remont ediji slesary Babaýew Arslan Baýramgeldiýewiçe, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Hil sozma sehiniň gyzgyn bilen sozmak boýunça stanlaryň walsowkaçysy Hanow Muhammetberdi Azatgeldiýewiçe hem-de «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektro polat erediji sehiniň elektro peçlerde polat eredijisi Baýlyýew Röwşen Nurgeldiýewiçdagylar Hormat hatlary hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.
Şeýle çäreleriň yzygderli geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ildeşlerimiziň çekýän halal we tutanýerli zähmetlerini dabaralandyrmakda, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni