26-njy noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň inžener-tehnology (metallurgiýa boýunça) O.Annadurdyýew 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndan 26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny geçip, hünärmene Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakynda degişli şahadatnamasy berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýokary bilimli döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni