31-nji ýanwar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) N.Seýitmyradow gatnaşdy.

         Gepleşigiň dowamynda binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda döreden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli sirk sungatymyzy ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem behişdi bedewlerimiz hakynda täsirli gürrüňler edildi.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni