Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uzak gelejegi nazarlaýan, ylma-bilime daýanýan, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmak bilen sebitiň we dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän kuwwatly ýurduna öwrüldi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Özüniň saýlap alan parahatsöýjülikli, hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarly, ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biride senagat we gurluşyk önümçiligi pudagydyr. Pudaga ägirt uly maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, iň kämil döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze kuwwatly zawotlaryň we döwrebap kärhanalaryň gurulmagy, bar bolanlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagynyň hasabyna önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, sanly ulgam bilen doly üpjün edilmegi, emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyz agrar ýurtdan kuwwatly ösen senagat ýurduna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan innowasion taýdan köptaraplaýyn esasda senagat özgertmeleri täze taryhy eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda elektron senagaty pudagyny ösdürmek, ýerli çig maly gaýtadan işlemegiň hasabyna täze senagat we gurluşyk önümlerini öndürmek, ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Pudak üçin giň gözýetimli, häzirki zaman tehnologiki enjamlaryndan oňat baş çykarýan, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem döwletimizde dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalarynyň biri hökmünde, şeýle hem ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň kuwwatynyň artmagynyň täze tapgyry bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurulan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan «Bäherden» keramiki önümler kärhanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dabaraly ýagdaýda açylan kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen dünýäniň bu ugurda öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu döwrebap kärhanasy «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan gurulup ulanylmaga berildi.


Türkmen senagatçylarynyň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli önümçilik, durmuş şertleriniň döredilen döwrebap kärhanasynda 460-a golaý täze iş orunlary döredildi. «Senagat 4.0» çemeleşmesi esasynda gurulan döwrebap kärhana Italiýa Respublikasynyň «SACMI Imola Societa Cooperativa» kompaniýasynyň «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasynyň, şeýle hem Italiýa Respublikasynyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasyna mynasyp bolmagy bolsa, hormatly Prezidentimizň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, inženerçilik we halkara derejeli standartlara laýyk derejede, ekologik taýdan arassa, daşky gurşawa zyýansyz önümçilikleriň işiniň ýola goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm oruna degişli bolan senagat we gurluşyk toplumyny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmekde, ýurdumyzy gurşap alan giň gerimli gurluşyklary ýokary hilli gurluşyk serşdeleri bilen üpjün etmekde, impordyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmekde hem-de täze önümçilikleri döretmekde türkmen senagatçylaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys.
ABDYLLA DÖWLETOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri»döwlet kärhanasynyň direktory