14-nji martda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy mynasybetli we Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) N.Seýitmyradow gatnaşdy.
Gepleşigiň dowamynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylmagynyň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan senagat özgertleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülendigi şeýle hem ata-babalarymyzdan miras alan türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy – Halkara Nowuz güni hakynda täsirli gürrüňler edildi.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni