30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleradioýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylyp yzygiderli ýaýlyma berilýän «Türkmen senagaty ösüş ýolunda» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni A.Bazarow, Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni G.Abdyrahmanowa hem-de Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradowdagylar gatnaşdy.
Gepleşigiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça başyny başlan özgertmeleriniň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda alnyp barylýan giň gerimli işler hakynda täsirli gürrüňler edildi.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni