5-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikde yglan eden «Zähmet üstünliklerimiz saňadyr Watan!» atly bäsleşiginde I orna mynasyp boldy.

        Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerini amal etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog