Arkadag şäheri, 28-nji ýanwar (TDH). Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende galýar. Şunuň bilen bagly buýsançly wakalaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip at berlen 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda bolup geçmegi ýylyň bu ajaýyp şygaryna laýyk gelip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary arkaly bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä derejesinde giňden dabaralandyrýandygynyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem 27-nji ýanwarda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny hut şu ýerden başlap, şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan ugur alnyp, bu gezekki dabara toýa mahsus ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy we oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlara aýratyn orun berildi. Ajaýyp wakanyň hormatyna guralan çäreler hakyky türkmen toýlaryna mynasyp derejede geçirildi. Oňa gatnaşyjylar şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly çykyşlar bilen köprüden düşüp, Akhan şaýolunyň ugrunda saklandylar. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewlere atlanyp we paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler. “Galkynyşa” sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Şoňa görä-de, toparyň agzalarynyň dabaraly, deň hatarly nyzam bilen geçip gitmekleri dabara gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli atşynaslarymyza, bedewleriň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Soňra ýygnananlar bagtyýar maşgalanyň bäbekhanadan körpejäni alyp gelýän pursatlaryna şaýat boldular. Munuň özi göwünleri galkyndyryp, hemmeleriň kalbynda şatlyk duýgularyny döretdi. Adamlar şol maşgalanyň bagtyýarlygyna goşulyp, bu ajaýyp pursatlary ýüzüne syldylar. Soňra çärä gatnaşyjylar halkymyzyň gelin edinmek dessurynda häzirki wagtda ýerine ýetirilýän toý çäreleriniň birini — ak ýoldan gelnalyjy kerweniniň geçişini synladylar. Uzyn hatarly gelnalyjy kerweniniň döredýän şatlyk-şagalaňy asmana göterilip, alyslara ýaň saldy. Häzirki zaman awtoulagynyň döwrebap bezegler bilen bezelip, onda gelniň alnyp gelinmegi hem-de bu pursatlaryň ýaş çatynjalaryň paýtuna münüp gelmegi arkaly baýlaşdyrylmagy toýlaryň şowhunyny artdyrdy. Soňra dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar. Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. Biraz wagtdan dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasynyň ýanyna geldiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewleri bilen hem-de atly paýtunyň üstünde mynasyp bolan halkara baýraklaryny elinde göterip barýarlar. Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan bu halkara şahadatnamalar ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň beýany bolup, olara ýokary derejede hormat-sarpa bildirilýändiginiň ykrarnamasydyr. «Taýçanak» binasyndan badalga alan atlylar “akylly” şäheriň Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna tarap, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança tarap ýola düşdüler. Olary eli baýdakly talyplar, şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary şatlyk-şowhunly garşyladylar we mübäreklediler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda gazanylan bu halkara üstünlik halkymyzyň buýsanjyny, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli atly ýöriş arkaly barýan kerweniň ýol ugurlarynda dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Atly ýörişe gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşyladylar hem-de gazanan nobatdaky üstünligi bilen gutladylar. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki Arkadag şäheriniň binagärlik keşbine özboluşly bezeg berýär. Onuň nal şekilinde gurlan binasy dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýörite enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edildi. 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen bu desga gysga wagtyň içinde şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlar döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar sirkiň eýwanynda guralan sergini synladylar. Sergide ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik eserleri ýerleşdirilipdir. Bu gymmatlyklaryň hatarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň 2025-nji ýylda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda mynasyp bolan Altyn baýragyna we beýleki ýörite baýraklaryna, şonuň ýaly-da, häzire çenli gazanan hemme beýleki sylaglaryna aýratyn orun berlipdir. Şeýle hem bu ýerde ganatly bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryny bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýerleşdirilipdir. Dürli dillere terjime edilen bu kitaplar giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülip, ahalteke atlaryna gyzyklanmalaryň artmagynda ähmiýetli orny eýeleýär. Soňra «Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalyna bardylar. Bu ýerde esasy dabaralar başlandy. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gowşurylan halkara şahadatnamalar bolsa ýörite bellenilen ýerde ýerleşdirildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen türkmen halkynyň Milli Liderini we hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Bu waka toparyň gazanan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna mynasyp öwüşgin çaýýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hem