Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň esaslandyran 3 aýda 1 gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ylmy-tehniki žurnalynyň 2025-nji ýyl üçin 4-nji sany neşir edildi. Neşiriň täze sanynda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog O.Annadurdyýewiň «Ajaýyp eserler – ylmy hazyna, egsilmez ruhy gymmatlyk» ady bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýetine bagyşlanan makalasy ýerleşdirildi.

         Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleriniň «Türkmenistanyň senagaty» ylmy-tehniki žurnalynda yzygiderli öz makalalary we eserleri bilen çykyş etmekleri, hünärmenleriň täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere seslenmekde we olaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir.

GÜLNARA ATAÝEWA
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni

Leave A Comment