11-nji fewralda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2026-njy ýylyň 10-12-nji fewraly aralygynda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisine gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda doganlyk ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijilerini bir ýere jemleýän iri möçberli ykdysady forumyň geçirilmegi iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň mizemezdigini ýene bir gezek tassyklamak bilen, türkmen hünärmenlerine doganlyk ýurtda öndürilýän önümler bilen ýakyndan tanyşmaga we tejribeleri alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
KERIMGELDI SAPAROW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy
Leave A Comment