Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.T.ATAÝEWA hakynda
Aksoltan Toreýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Braziliýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.B.ORAZOW hakynda
Meret Baýramowiç Orazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda
Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda
Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
W.S.HAJIÝEW hakynda
Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky (Ženewa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň hemişelik wekili, Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
W.S.HAJIÝEW hakynda
Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.
Leave A Comment