Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant

Türkmenistan möhüm sebit, sebitara we ählumumy meseleler boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan ýurdumyz döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge, derwaýys meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda syýasy-diplomatik gurallary ilerletmäge çalyşýar. Geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem hut şu maksatlara gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we onuň esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegi, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy esasy şertdir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlady. 18-nji fewralda bolsa bu resminamany durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Meýilnama dürli çäreleriň toplumynyň, şol sanda guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, maglumat, aragatnaşyk häsiýetli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan bäş esasy ugry öz içine alýar. Onuň çäklerinde halkara maslahatlar, ýaşlara niýetlenen wagyz-nesihat çäreleriniň toplumy, degişli okuw we usuly gollanmalaryň işlenip taýýarlanylmagy bellenilendir. Maglumat bilen üpjün etmegiň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýörite bölümiň döredilmegi, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş häsiýetli işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlygy goldamagyň täsirli syýasy-hukuk guraly hökmünde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini açmaga aýratyn üns berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren netijeli başlangyçlaryny, hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere 23-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde hem garaldy. Bu ugurda esasy konwensiýalara, ylalaşyklara, beýleki resminamalara goşulyşmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Şu maksat bilen döredilen pudagara topar tarapyndan milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kanunçylyga umumy ykrar edilen kadalary ornaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan bu babatda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Toparyň mejlisinde “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmeginiň tamamlanandygy bellenildi. 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze meýilnamalaryň taslamalary BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini, Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyrynyň maslahatlaryny, Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak esasynda taýýarlanyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ählumumy meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) hem-de “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda guraljak döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk edýär. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeläp, Arkalaşygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, onuň işini häzirki döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Ýurdumyz diňe bir GDA-nyň çäklerindäki ýokary derejeli duşuşyklardyr çärelere yzygiderli esasda gatnaşman, eýsem, olaryň geçirilýän merkezine hem öwrülýär. Şunda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2012-nji we 2019-njy ýyllarda-da başlyklyk edendigini nygtamak gerek. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň sammitiniň jemleri boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu resminamada Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlykda toplanan tejribeler, milli we umumy bähbitleriň deňeçerligi sazlaşykly utgaşyp, özara bähbitli gatnaşyklarda ylalaşylan çemeleşmeler, ony ösdürmegiň hem-de utgaşykly işi goldamagyň ugurlary kesgitlenendir. Bu Jarnamanyň möhüm ýörelgeleri GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy ýaly Arkalaşygyň maksatnamalaýyn resminamasynyň binýadyny emele getirdi. Şu gezekki başlyklyk etmek wezipesi barada aýdylanda, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Duşenbede geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bilelikde çözmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünip, Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesine jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan, ony mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, sebit howpsuzlygynyň we özara ynanyşmagynyň pugtalandyrylmagyna, bitaraplyk ýörelgeleriniň ilerledilmegine, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny berkitmek maksady bilen, diplomatik gurallaryň işjeňleşdirilmegine syýasy nukdaýnazardan uly ähmiýet berildi. Ýurdumyz halkara hukugy goramak üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edip, hyzmatdaş döwletlere BMG-niň çäklerinde ylalaşylan diplomatik çäreleri işläp taýýarlamagy teklip edýär. Türkmenistan Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesini söwda, ykdysady, ulag, energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek babatda ulanmagy maksat edinýär. Şunda GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Arkalaşyga agza döwletleriň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly ýüze çykarmaga uly ähmiýet bermek bilen, ýurdumyz 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip edýär. Ulag geçelgelerini ösdürmek bilen bir hatarda, sebitiň dünýä giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň häzirki möhüm şerti bolup durýan sanly ösüşe, innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär. Ynsanperwer ugur, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň wajyp ugrudyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň çäklerinde dostlukly, hoşniýetli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, halklaryň ruhy we medeni mirasyny gorap saklamagyň aýrylmaz şerti bolup durýar. 2026-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlän Türkmenistan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, şeýle özara gatnaşyklary GDA-nyň giňişliginde hem ilerletmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimize Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bu ulgamda alyp barýan işleriniň, gazanan üstünlikleriniň ýokary baha eýedigini nobatdaky gezek tassyklan waka boldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek meselelerini üns merkezinde saklaýar. Bu wezipeler Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda hem beýanyny tapdy. Umuman, şu

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderine berk jan saglyk, Eýranyň halkynyň parahatçylygyna, gülläp ösüşine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)

Read More

Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Bu syýasat Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginini üpjün etmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny nazarlaýar. 2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, sebitlerde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, jogapkärli möwsümi talabalaýyk geçirmek maksady bilen, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli tohumlary taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň we gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler dowam edýär. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmek, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmek, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny, ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine doly taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 6-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçen iki aýda alnyp barlan işler gowy netijeleri görkezdi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. “Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak barada degişli Permanlara gol çekdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, okuwçy, talyp we çagalar baglarynda terbiýelenýän gelin-gyzlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda geçirilen dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bagtyýar durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek babatda döredilýän amatly şertler, ýaş nesiller barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahat geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, zenanlar — maşgalanyň diregi, gözelligiň nusgasy we öý-ojagyň bezegi. Ýurdumyzda zenanlara, olaryň el işlerine we ýaş nesilleri pederlerimizden miras galan däp-dessurlara laýyklykda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar. Zenanlarymyzyň mähir-muhabbeti, sadalygy, ruhubelentligi, wepalylygy, tükeniksiz söýgüsi we näzikligi Diýarymyzyň ähli ýerlerinde geçirilen aýdym-sazly çäreleriň, çeperçilik sergileriniň, bäsleşikleriň hem-de döredijilik duşuşyklarynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine Diýarymyzyň çar künjeginden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Oňa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenan işgärleri-de hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine hem-de sazyna döredilen, süýji arzuwlary, mähirli söýgini, ajaýyp geljek baradaky ynamy beýan edýän “Kalbymda sen” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk dabarasynyň iň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary ýaňlandy. Baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur

Read More