“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň we döwlet berkararlygynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatyny işjeň durmuşa geçirmäge, onuň halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 26-njy dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň — bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu ýylyň nyşany hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm seneler, halkara gatnaşyklarda ýetilen sepgitler bilen bagly ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we onuň nyşanynyň kabul edilýändigini nygtap, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň şygarynyň yglan edilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýar. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Gözelligiň, kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. Geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmek, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan, şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen bagly halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek we olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýylyň başyndan bäri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem dürli çäreler, forumlar, maslahatlar, brifingler we sergiler yzygiderli geçirilýär. 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda geçirilen hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň edildi. Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Saud Arabystanynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Fuad bin Fahad Ibragim bilen geçiren duşuşygynda bu federasiýanyň alyp barýan işi, atçylyk sporty ulgamynda milli we halkara derejede geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Ilçi ýurdumyzda 2026-njy ýylyň şygaryna ünsi çekip, Watanymyzda atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, ahalteke atlarynyň baş sanynyň we olaryň dünýädäki şöhratynyň artdyrylmagyna uly üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Saud Arabystanynyň Atçylyk sporty federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň söwda-senagat edarasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda nygtalyşy ýaly, ýylyň şygarynyň many-mazmuny türkmen halkynyň taryhy köklerine ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç hem ýurduň halkara hukugyň ýörelgelerine, onuň hökmürowanlygyna ygrarlydygynyň beýanydyr. Şeýle-de maslahatda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Çärä gatnaşyjylar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlary, nebitgaz, himiýa senagatyna, oba hojalyk toplumyna, ulag-logistika ulgamlaryna, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlaryna maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. 23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň kitabynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň kemala gelmeginiň möhüm tapgyrlarynyň beýan edilýändigini nygtadylar. 28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky we Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanalarynda ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Fewral aýynyň başynda W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre guraldy. Ýygnananlara milli aýdym-saz we tans sungatymyzyň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän döredijilik çykyşlary görkezildi. Talyplar Türkmenistan Watanymyza we behişdi bedewlere bagyşlanan goşgulary labyzly okadylar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi türkmen amaly-haşam sungatynyň nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. 4-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda ýylyň şygary we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Çykyşlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň diňe bir şanly sene däl, eýsem, geçilen ýola, gazanylan üstünliklere hem-de ýurdumyzyň nurana geljegi üçin möhüm maksatlara ser salmagyň wajyp tapgyry bolup durýandygy bellenildi. Çärä gatnaşyjylara ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazananlary, Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda okgunly ösüşi, innowasiýalara tarap ynamly ädimleri, medeni mirasynyň goralyp saklanylyşy, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyşy barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde milli aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu ýerde fotosuratlaryň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. 5-nji fewralda Stambul şäherindäki Medipol uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp geçirilen dabarada ýurdumyzyň döwlet berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, onuň halkara abraýyny artdyrmakda şu ýylyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ganatly bedewleriň özboluşly keşbi Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, nurana geljege tarap ynamly gadamlarynyň, öňde goýlan belent wezipeleriň aýdyň şöhlelenmesidir. Şu ýylyň şygaryna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen çärede halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde we ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny depginli ösdürmekde geçen döwürde gazanylan üstünlikler baradaky maglumatlar beýan edildi. 9-njy fewralda Türkmenistanyň Owganystandaky baş konsulynyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen geçiren duşuşygynda taraplar hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Portugaliýanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)

Read More