Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, himiýa senagatyny hem diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig mal öndürýän hususy kärhanalary gurmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryna esaslanýan bu pudagyň tebigy gazy hem-de mineral serişdeleri çuňňur gaýtadan işlemek strategiýasy içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, himiýa önümlerini daşarky bazarlara çykarmaga-da mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi döwlet Baştutanymyzyň köpugurly, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen senagatlaşdyrma strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Himiýa pudagynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler ýurdumyzyň we ilatyň bähbitleri üçin türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryndan, uglewodorod serişdelerinden, mineral, gidromineral gorlaryndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Tebigy gazyň we mineral serişdeleriň baý gorlaryna daýanýan bu pudak batly depginde ösdürilip, ägirt uly eksport mümkinçiligine eýe bolan ýokary tehnologiýaly senagata öwrülýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty çig maly çuňňur gaýtadan işlemäge, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ukyply täze önümçilik desgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde adamlaryň gündelik durmuşyny, döwletiň ykdysady ösüşini himiýa önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Himiýa senagaty kärhanalaryny öz içine alýan «Türkmenhimiýa» döwlet konserni pudagyň şu günüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin, ilkinji nobatda, iri döwrebap kärhanalary gurmak, bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda esasy meýilnamalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we beýleki döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp amala aşyrylýar. Himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugry mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmekdir. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki zaman senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan azot, fosfor we kaliý dökünleriniň önümçiligini ep-esli artdyryp, ýerli oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Bu giň gerimli çemeleşme diňe bir oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksportyň geografiýasyny yzygiderli giňeltmäge-de mümkinçilik berýär. Hazar deňzindäki gidromineral çig malyň özboluşly ýataklaryny özleşdirmek milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Bu ýerde ýod, brom we brom önümleri, derman senagatynda, elektronikada, beýleki pudaklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli duzy öndürýän täze, döwrebap önümçilik desgalaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy ekstraksiýa we arassalaýyş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arassa düzümli önümleri öndürmäge mümkinçilik berip, türkmen himiýa önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär. Pudagy ösdürmegiň strategiýasynda senagat taýdan ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna geçmegi alamatlandyrýan gazhimiýa ugruna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda döredilýän innowasion kärhanalar mawy ýangyçdan dürli görnüşli polimer önümleri, şol sanda polietilen we polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu döwrebap materiallar ilatyň köpçülikleýin sarp edýän harytlarynyň, gurluşyk materiallarynyň, gaplama serişdeleriniň önümçiligini höweslendirmek arkaly kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. Munuň özi bazary importyň ornuny tutýan ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmäge ýardam berýär. Daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak himiýa senagatyndaky ähli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm şertidir. Pudagyň desgalaryna ýapyk aýlanyşykly suw ulgamlary, döwrebap arassalaýjy süzgüçler, daşky gurşawyň ýagdaýyna awtomatlaşdyrylan gözegçilik edýän ulgamlar yzygiderli ornaşdyrylýar. Durnukly ösüş ýörelgesine şeýle ygrarlylyk ekologik töwekgelçiligi peseltmäge, senagat taýdan ösüşiň we tebigy deňagramlylygy saklamagyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmäge şert döredýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik meýilnamalaryny ýokary görkezijiler bilen ýerine ýetirmegi ýönekeý bir statistika bolman, eýsem, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň netijesidir. Pudaga gönükdirilýän ägirt uly möçberdäki maýa goýum serişdeleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hil we ekologik taýdan arassalyk babatda bäsleşmäge ukyply innowasion önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan mineral dökünleri öndürýän iri ýurt hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Şunda Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ilkinji kärhanalarynyň biri bolan bu zawod häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, zawodda öndürilýän tehniki kükürt kislotasynyň artýan bölegi daşary ýurtlara-da eksport edilýär. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, hyzmatdaşlarymyzyň hem azyk howpsuzlygyna goşulýan möhüm goşantdyr. Bu zawod ençeme ýyllaryň dowamynda Diýarymyzyň senagat klasteriniň esasy kärhanalarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanda fosforly dökünleri öndürmäge ýöriteleşen ýeke-täk kärhanadyr. Onuň esasy önümleriniň biri ammoniý superfosfatydyr. Mundan başga-da, zawodda fosforly dökünleriň çig mallarynyň biri bolan tehniki kükürt kislotasy öndürilýär. Bu ýerde hereket edýän kuwwatlyklary täzelemek işi yzygiderli alnyp barylýar. 2016-njy ýylda täze kükürt kislotasynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda tehnologik proseslere gözegçiligiň sanlylaşdyrylmagy ileri tutulýan ugur bolup durýar. Önümçilikde ornaşdyrylan datçikler önümiň hilini seljermäge, onuň ISO 9001 halkara standartyna doly laýyk gelmegini üpjün etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijiler zawodyň önümleriniň esasy sarp edijileridir. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän şertlerinde dökünlere bolan zerurlyklaryny doly üpjün edip, azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga goşant goşýarlar. Häzirki wagtda kärhana diňe oba hojalygyna niýetlenen himiýa serişdelerini öndürmek bilen çäklenmeýär. Bu ýerde 30-dan gowrak önüm, şol sanda jemagat hojalygy üçin möhüm bolan suw arassalaýjy koagulýant, polimer önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Zawodda mineral serişdeleriň önümçiliginde ekologik taýdan ylmy çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Ekologiýa strategiýasy diňe bir ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrman, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, hasyl berijiligini gorap saklaýan önümleriň döredilmegini hem göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýän we milli ekologiýa syýasatyna laýyklykda hereket edýän önümçilige öwrülýändigini bellemek gerek. 2026-njy ýylda zawodda çylşyrymly dökünleriň täze görnüşleriniň synaglary işjeňleşdirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde diňe bir ösümlikleri iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, onuň düzümini gowulandyrýan serişdeleri döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu zawodda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň himiýa senagaty üçin möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünini öndürmäge niýetlenen täze toplumyň gurluşygy diňe bir önümçilik meýdanlarynyň giňeldilmegi bolman, eýsem, doly derejeli

Read More