Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri amala aşyrylýar. Pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki zaman ekerançylygynda agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk geçirmek üçin baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş we tagt suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryň we talaplaryň berk berjaý edilmeginiň ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekmek möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin baglaryň ekiljek ýerleri kesgitlenip, nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edildi. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäginde meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň çäklerinde ýazky bag ekmek möwsüminde, ählihalk bag ekmek dabarasynda baglaryň ekiljek ýerlerini we nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramynyň şanyna welaýatda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine başlamak hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil, geriş çekmek, Daşoguz welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ideg işlerini ýokary hilli geçirmek, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat

Read More

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak hem-de ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2026-njy ýylyň 20-nji martynda bellemeli. 2. 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmeli. 3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy marty.

Read More

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2026-njy ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly. 2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny 2026-njy ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly. 3. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy marty.

Read More

Resmi habar

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 676-njy belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara

Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda geçirilýän bu giň gerimli çärelerden hem görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Garaşsyzlykdan gözbaş alyp gaýdýan ýoly uly ösüşlere beslenýär. Hormatly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary! Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Hususyýetçilerimiziň özlerine ynanylan taslamalara, il-ýurt bähbitli işlere örän jogapkärli çemeleşýändikleri bizi buýsandyrýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň ileri tutulýan işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär. Bu kärhanalarda täze iş orunlary döredilýär, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygy pugtalandyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hususyýetçilerimiz agzybirlikde döwletlilik ýolumyzdan ynamly öňe barýarlar. Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr. Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw geljekde hem dowam etdiriler. Ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň, abadançylygymyzyň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saýasynda telekeçilerimiziň mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn. Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we halkara forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzda özgertmeleri we maksatnamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More