Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär

Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzda hususyýetçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Türkmenistany senagatlaşdyrmakda, iri taslamalary amala aşyrmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun degişlidir. Hususyýetçilere berilýän döwlet goldawlarynyň netijesinde Türkmenistan kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan depginli ösýän döwlete öwrülýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe şertleri döredildi. Şolaryň hatarynda salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlylandyrmak tertibiniň ýeňilleşdirilmegini, hususy önüm öndürijileriň harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmekleri üçin gümrük işleriniň çaltlandyrylmagyny, ýeňillikli karz serişdeleriniň bölünip berilmegini görkezmek bolar. Döredilýän şeýle amatly şertlerden netijeli peýdalanýan telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine şu gezekki serginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistan häzirki döwürde ýokary hilli önümleri öndürmek, bäsdeşlige ukyply hyzmatlary hödürlemek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşany dünýäniň söwda giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrýan möhüm guraldyr. Bu nyşan diňe bir harydyň gelip çykan ýerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hiliň, milli önüm öndürijileriň ygtybarlylygynyň hakyky görkezijisine hem öwrüldi. Bu başlangyjyň öz wagtynda oýlanyşykly öňe sürlendigi ýetilen strategik sepgitler arkaly subut edildi. Şol üstünlikler Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümlerine-de degişlidir. …Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Dabarada döwlet Baştutanymyzyň sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Garaşsyzlykdan gözbaş alyp gaýdýan ýolunyň uly ösüşlere beslenýändigini nygtaýar. Häzirki döwürde döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugruň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçiler möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär. Bu kärhanalarda täze iş orunlary döredilýär, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygy pugtalandyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hususyýetçilerimiz agzybirlikde döwletlilik ýolumyzdan ynamly öňe barýarlar. Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynyň okalmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary bolsa dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Soňra myhmanlar hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň hususy pudagynyň döwrebap tehnologiýalary, dolandyrmagyň innowasion usullaryny üstünlikli özleşdirýän kuwwatly dörediji güýje öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şu ýylky sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar. Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 18 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary barada giňişleýin maglumat berilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, döredilýän şertleriň netijesinde olaryň hususy başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Munuň şeýledigine sergide görkezilýän dürli görnüşli önümleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dürli ugra ýöriteleşen hususy kärhanalar Diýarymyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşyp, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Sergide daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda gazanylýan üstünlikleri görkezýän diwarlyklar esasy orny eýeleýär. Myhmanlar durmuş-ykdysady syýasatyň esasyny düzýän “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň dabaralanýandygynyň şaýady bolýarlar. Gurluşyk senagatyna degişli bölümlerde “Derýaplastik”, “Ak bulut” ýaly kärhanalar şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýarlar. Diwarlyklarda görkezilýän ýokary hilli bezeg serişdeleri, asma petikler, polimer turbalar hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň işewürleriniň tehnologik taýdan kämilleşýändigini tassyklaýar. Telekeçileriň sanly ykdysadyýeti ösdürmäge goşýan goşandyna bagyşlanan ekspozisiýalar aýratyn ünsi çekýär. “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti telewizorlaryň, kompýuterleriň, yşyklandyryş ulgamlarynyň we beýleki elektron tehnikalaryň täze nusgalary bilen tanyşdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Oba hojalyk pudagyna bagyşlanan bölümler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň barha pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. “Nurly meýdan”, “Sahabatly” ýaly iri kärhanalar guşçulyk we maldarçylyk önümleri bilen tanyşdyrýarlar. Bu gün olar içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşarky bazarlara hem ynamly çykýarlar. Süýji-köke önümlerini öndürijileriň diwarlyklary önümleriň dürli görnüşleri bilen gözüňi dokundyrýar. Şolaryň hatarynda “Hasar”, “Misgär” ýaly kärhanalaryň diwarlyklary aýratyn tapawutlanýar. Azyk önümleriniň önümçiliginde halkara howpsuzlyk standartlarynyň ulanylmagy türkmen telekeçilerine dünýä belli haryt nyşanlary bilen üstünlikli bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara ISO hem-de HAССP güwänamalaryna eýe bolmagy olaryň azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Himiýa senagatynda işleýän hususy telekeçiler öý-hojalyk we ýöriteleşdirilen himiýa serişdeleriniň önümçiliginde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýarlar. Oba hojalykçylar üçin ýerli çig maldan öndürilýän suwuk organomineral dökünler, gumin serişdeleri bilen tanyşdyrýan diwarlyklar sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekýär. Mebel we öý-hojalyk harytlaryna bagyşlanan bölümlerde degişli kärhanalar milli däpleri nazara alyp, öňdebaryjy dizaýnerçilik çözgütleri bilen tanyşdyrýarlar. Hünärmenleriň ýokary ussatlygy, ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy bu önümleri geçginli haryda öwürýär. Ýeňil senagata bagyşlanan bölümlerde milli nagyşlary häzirki zaman dünýä meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan egin-eşikler, dokma önümleri tanyşdyrylýar. Hususy tikinçilik kärhanalary milli haryt nyşanly önümleriň önümçiligini üstünlikli özleşdirýärler. Lukmançylyk senagatynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrýan bölümde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekilýär. Diwarlyklarda lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligine ýöriteleşen kärhanalaryň önümleri görkezilýär. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterinde ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi saglygy goraýyş ulgamyny ýokary hilli serişdeler bilen üpjün etmekde hususy başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açar. Munuň özi döwletimiziň innowasion senagat zolaklaryny halkymyzyň saglygynyň bähbidine ulanmaga toplumlaýyn çemeleşýändiginiň güwäsine öwrüler. Sergide ulag-logistika

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy

Aşgabat — Pekin, 17-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady. Gahryman Arkadagymyz Hytaýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Parlamentara hyzmatdaşlyk, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ugurda özara saparlar yzygiderli guralýar. Munuň özi hyzmatdaşlygy many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem bu ählumumy başlangyçlar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we milli medeni mirasymyzy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýar. Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň bilim almagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Sun Sinlin adyndaky gaznanyň hem-de dostlukly ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky Ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine barlyp görlendigini aýtdy. “Bu sapar ýurtlarymyzyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we çagalaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi. Bu gün türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, çuňňur ykdysady integrasiýa esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ýurtlarymyz dürli ulgamlary, şol sanda energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwer ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny kemala getirdiler. Hytaý Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldap, oňa sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde garaýar. Halkara giňişlikde ýurtlarymyz BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar ähli gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edip, dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky çuňňur syýasy ynamy tassyklaýar. Energetika hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy binýady bolup durýar. Häzirki döwrüň ägirt uly inženerçilik desgasy bolan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi dostlukly ýurda ekologik taýdan arassa ýangyjyň durnukly eksportyny üpjün edýär. Bu taslama diňe bir Hytaýyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Hytaý ýurdumyzyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Türkmen telekeçileri Hytaýda geçirilýän iri sergilere yzygiderli gatnaşyp, özleri üçin hytaý bazaryny açýarlar. Ýokary tehnologiýalar, sanly özgertmeler özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna öwrüldi. Hytaýyň iri tehnologiýa kompaniýalary Diýarymyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Bu hyzmatdaşlyk “akylly” şäherleri dolandyrmak ulgamyna, senagat önümçiligine innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga ýardam berýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmak üçin berk binýady döredýär. Saglygy goraýyş, ekologiýa boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly bilelikdäki taslamalar iki ýurduň hem geljek nesilleriniň abadan durmuşyny üpjün etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Geljege nazar aýlamak bilen, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny ynam bilen aýtmak bolar. Wagtyň synagyndan geçen bu gatnaşyklar Merkezi Aziýada durnuklylygyň wajyp şerti we umumy abadançylygyň bähbidine iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrýan şu gezekki dostlukly sapary gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar. …Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.

Read More