«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

         21-nji martda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän ähli halk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykly geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýylda ýaz we güýz möwsümlerinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ekologiýa çäresi täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylyp, mähriban halkymyzyň tebigata bolan oňyn garaýşynyň subutnamasydyr. Geçirilen bu çärä «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň agzybir işgärleri işjeň gatnaşdylar.          Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň bagbany Topargeldi Kyýasowa, Administratiw-hojalyk gullugynyň önümçilik we gulluk jaýlaryny süpürijisi Ogulsapar Kulymowa, Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça sehiniň metal böleklerini we galyndylaryny sortlaýjy-ýygnaýjysy Amangeldi Baýramowa we Elektro polat erediji sehiniň smena ussasy Çary Hemenekowa geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda işjeňlik görkezip tapawutlanandyklaryny nazara alyp «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hem-de Ilkinji Ýaşlar guramasynyň adyndan hormat haty we ýadygärlik sowgatlary gowşuruldy.          Daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýäniň ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen işlere mynasyp goşandyny goşmakda, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, tokaý zolaklaryny döretmekde, ekologiýa abadançylgyny üpjün etmekde we gorap saklamakda, ýaşlarda tebigata bolan söýgüni has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. ATAJAN GURBANGELDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň başlygy

Read More