Halkymyzyň ruhy we döredijilik kuwwaty — täze üstünlikleriň gözbaşy

Geçen hepde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylýandygyny görkezýän wakalara beslendi. Bu maksatnamalar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýtdy we oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana we ony ýerine ýetirmek maksady bilen Buýruga gol çekdi. 17 — 19-njy mart aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostluk sapary bilen HHR-de boldy. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we ony hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça toplumlaýyn meselelere garaldy. Hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň täze tapgyryny özleşdirmek we gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi boýunça täze mümkinçilikleriň açylýandygy göz öňünde tutulyp, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak babatda degişli işleriň geçirilmelidigine üns çekildi. Pagta önümçiligi we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça iki ýurduň hünärmenleriniň özara tejribe alyşmaklaryny ýola goýmak barada-da aýdyldy. Şeýle hem ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça meselelere üns çekildi. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaşlyga 20 ýyl dolýandygyny belläp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi. 19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbine eýerip, bu ýerde ahalteke bedewiniň boýnuna alaja daňdy. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz türkmen we hytaý halklarynyň taryhynda bedew atlara uly ornuň degişlidigini belledi. Şu gezekki saparyň dowamynda Başlyk Si Szinpine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gadyrly atly ahalteke bedewiniň sowgat hökmünde gowşurylandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz oňa 12 ýyl mundan ozal sowgat berlen ahalteke bedewiniň hem şol geçen döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň özboluşly nusgasy bolandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri atlaryň gadymy mekany bolan Arkadag şäherindäki türkmen atçylyk infrastrukturasyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ahalteke atlary bilen bir hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýändigini belledi we isleg bildirýänleri Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza bolmaga çagyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý tarapyny Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap guraljak ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikirlerini paýlaşdy. 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl doldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. 20-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, gurluşyk-senagat toplumynyň önümçiligini ýokarlandyrmak, aragatnaşyk ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek ýaly meseleler bar. Şeýle-de möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazaryny azyk harytlary bilen doly üpjün etmek, bahalaryň elýeterliligini saklamak, oba hojalyk we azyk senagaty kärhanalarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, bu önümleri eksporta gönükdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň”, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamalary hödürlenildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi we edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Aprel aýynda Aşgabat şäherinde “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň netijeleri mejlisde esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň hatarynda boldy. Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu taryhy taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Gutlaglarda döwlet we jemgyýetçilik işgärleri galkynyşyň, täzelenişiň nyşany bolan bu baýramçylygyň halklary birleşdirýändigini hem-de olaryň arasyndaky raýdaşlygy pugtalandyrýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň adyndan B.Annaýew, G.Akmämmedow, B.Annadurdyýew, H.Hudaýgulyýew, A.Şanazarow, D.Saburow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanow, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ö.Goşjanow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Tejenow, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew tüýs ýürekden gutladylar. Hormatly Prezidentimize Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy D.Seýidow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow gutlag hatlaryny ýolladylar. Hormatly Prezidentimize Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we ýurdumyzyň diplomatlarynyň adyndan R.Meredow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Ataýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Gölliýew, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow mähirli gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji N.Garryýew, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan S.Hajyýew, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy N.Kakabaýew, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy D.Annageldiýew, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar. Hormatly Prezidentimiziň adyna gutlag hatlarynyň we telegrammalarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. (TDH)

Read More