25 Iýl, 2026
«Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň hoş owazlary Balkan topragynda belentden ýaňlandy
Posted inTürkmenistan Bu gün

«Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň hoş owazlary Balkan topragynda belentden ýaňlandy

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmegi, ony has-da kämilleşdirmegi, zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy baş maksat edinýär. Bu ugurda ajap taryhy eýýamymyzda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleriniň bilelikde guraýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň sebitlerdäki jemleýji tapgyrlaram açyk-aýdyň şaýatlyk edýär.Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry hem şatlyk-şowhuna, bimöçber ähmiýete beslendi.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp dabaralarynyň, şanly wakalarynyň üstüni ýetiren abraýly bäsleşik höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlerini, sungatdaky ukyp-başarnyklaryny görkezip, olaryň hatarynyň ýylsaýyn artýandygyny doly subut etdi. Özboluşly sungat baýramynda gijäni gündizlige öwürýän, dürli öwüşginli owadan yşyklar bilen birkemsiz bezelen ajaýyp merkezde guralan «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyryna onuň etraplardyr şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.Ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 35 ýyllyk baýramynyň şanyna guralýan bäsleşik aýdym-saz muşdaklary üçin hem ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli Diýarymyzyň medeniýet toplumyny nusgalyk ösüşlere besläp, naýbaşy derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallalaryndan ruhlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlar aýdym-saz bäsleşigine has taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Olar bu ýerde tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde şirinden şirin aýdymlary ussatlyk bilen joşgunly ýerine ýetirdiler. Şeýdibem, özleriniň köptaraplaýyn zehinlerini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açmagy başardylar. Buýsançly çykyşlarynda hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mizemez Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, dost-doganlygy, parahatçylygy belentden wasp etdiler. Tomaşaçylarda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyran ajaýyp çykyşlar aýdym-saz muşdaklary tarapyndan dowamly, şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşlanyldy.Bäsleşige gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda mynasyp orun eýeledi. Şatlyk-şowhunda geçen bäsleşigiň jemleýji pursatlary has-da gyzykly, tolgundyryjy boldy. Bäsleşikde has tapawutlanan ýaş aýdymçylardan welaýatyň Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Baýrammyrat Ýakubow, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Amanmyrat Maýdyýew «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere ter gül desseleridir gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.Source

25 Iýl, 2026
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Posted inTürkmenistan Bu gün

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi hem-de geljekki döwür üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.Gatnaşyjylar 2024–2026-njy ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna seredip, pudagara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini bellediler.Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamanyň halkara ülňülerini we Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny nazara almak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň milli ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendigi bellenildi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda adam hukuklary babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň döwletiň ynsanperwer häsiýetini, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi.Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen Pudagara toparyň işiniň geljekki esasy ugurlary kesgitlenildi.Source

25 Iýl, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
Posted inTürkmenistan Bu gün

Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Male şäherinde Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Maldiw Respublikasynyň Daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-aragatnaşyk we syýahatçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Maldiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.Source

25 Iýl, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamany kabul etdi
Posted inTürkmenistan Bu gün

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamany kabul etdi

2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi, bu bolsa başlangyjyň giň halkara goldawyna eýedigini görkezýär.Kararnamanyň taslamasy hödürlenilende türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukugyna hormaty pugtalandyrmagyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, şeýle hem netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.Agzalan Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugynyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde konstruktiw köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.Source

20 Iýl, 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
Posted inTürkmenistan Bu gün

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Ministr Sýaoszýun Wany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň ähmiýetini bellediler.Aýratyn üns durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gönükdirildi.Taraplar Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna we durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.Source

20 Iýl, 2026
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Posted inTürkmenistan Bu gün

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat diňlenildi.Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ekologiýa Sammiti bilen bagly resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Mejlisiň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak babatdaky halkara konwensiýalarynyň ençemesine goşulmak bilen, Türkmenistan durnukly ösüşi üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär hem-de bu ugurda dünýä bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.Şunuň bilen birlikde, mejlisde Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri we olaryň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň işini ylmy esasda kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.Source