2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasyna hormatly Prezidentimiziň sowgat beren Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan kuwwatly ýük awtoulaglarynyň 20 sanysy gelip gowuşdy. Bu ýük awtoulaglary kärhanamyzyň işgärleri tarapyndan tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul edildi. Kärhana sowgat berilen tehnikalar ak saçly enelerimiziň, il sylagly ýaşulylarymyzyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgärleriniň gatnaşmagynda milli däp-dessurlarymyz esasynda kabul edildi.

Kärhanamyz üçin şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alynyp berilmegi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi täze taryhy eýýamda hemmetaraplaýyn esasda okgunly ösdürmek boýunça dünýä nusgalyk düýpli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gelejekde kärhanamyzyň                    maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak, kärhananyň agzybir işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyran häzirki zaman kuwwatly ýük awtoulaglary önümçilik maksatlary bilen giňden peýdalanylar hem-de işleri döwrümiziň talabyna laýyk derejede alyp barmaga, ýokary hilli önümleri öndürmäge, kabul edilýän milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder.

Kärhanamyzyň işgärleriniň şeýle döwrebap, häzirki zaman, ýokary kuwwatly ýük awtoulaglaryny sowgat berip, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ösmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlarynyň we sag bolsunlarynyň çägi ýok.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni