3-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guraýan giň gerimli sergisi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.

        Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz ösüşiň we döwrebaplaşdyrmagyň täze döwrüne gadam basdy. Gurluşyk-senagat toplumy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly senagatlaşdyrylmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap, ýokary tehnologiýaly infrastrukturany döretmek babatda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Täze ýaşaýyş toplumlary, senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly desgalar, halkara ulag-logistika merkezleri gurulýar. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, durnukly ösüş ýörelgelerini, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary özünde jemleýän Arkadag şäheri bu giň möçberli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.

        Täze sement zawodlarynyň, kerpiç, demirbeton gurnamalaryny, aýna we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän önümçilikleriň gurulmagy Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklary esasy serişdeler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagyna, ýerli çig mal binýadyna daýanmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, tebigy gazyň baý gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen himiýa senagaty okgunly ösdürilýär. Döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy polimerlerden başlap, oba hojalyk dökünlerine çenli dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň giň görnüşlerini öndürmäge ýardam berýär. Bu strategiýa ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy bilen bir hatarda, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara bazarlaryndaky ornuny hem pugtalandyrýar.

        Gurluşyk-senagat toplumynyň ösüşi netijeli halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan işewürlik hem-de maýa goýumlar üçin amatly şertleri döredip, olaryň hukuk goraglylygyny kepillendirýär. Dünýäniň iri kompaniýalary türkmen bazaryna strategik taýdan ähmiýetli we geljegi uly meýdança hökmünde garaýarlar.

        Sergi meýdançasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, döwlet konsernleriniň, şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň özboluşly dizaýnly diwarlyklary ýerleşdirilipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň sergi bölümi bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär. Sergi diwarlygynda ýurdumyzyň «ýaşyl» gurluşyk ulgamynda ýeten belent sepgitleri beýan edilýär. Arkadag şäherinde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

        «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň diwarlygynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlar tanyşdyrylýar. Eksportyň binýady hökmünde gazhimiýa pudagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekilýär. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň pawilýonynda döwrebap, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, milli we sebit ähmiýetli ulag-ýol infrastrukturasyny gurmak boýunça taslamalar ýerleşdirilipdir. Energetika ministrliginiň sergi bölüminde innowasiýalar we tehnologiýalar, hususan-da, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, şol sanda Gün, ýel energiýasyny milli energetika ulgamyna ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän anyk işleri beýanyny tapýar.

        Forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynda durnukly ösüşe ugrukdyrylýan maýa goýumlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi» atly plenar mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

        Halkara forumyň plenar mejlisiniň ahyrynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüş strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda gurluşyk işlerini alyp barmakda, gurluşyga innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän döredijilikli we netijeli işler üçin ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine ýokary baha berilýändigi baradaky Şahadatnama we ýörite nyşan gowşuryldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan binýat bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gazanýan üstünlikleriniň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň, dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Arkadag şäheriniň halkara derejeli köp sanly sylaglara mynasyp bolmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

        Günüň ikinji ýarymynda maslahat «Ýaşyl» energetika geçmegiň ähmiýeti we himiýa senagatynyň ösüşiniň täze ugurlary» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Bu ugur Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. 

        Çykyşlarda “ýaşyl” energetikanyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän peýdaly täsirleri barada durlup geçildi. Bu pudak täze iş orunlaryny döretmäge, gazylyp alynýan uglewodorod serişdelerine garaşlylygy azaltmaga, innowasiýalary ösdürmäge, olary ornaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmak ýaly başlangyçlaryň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy. Mejlisiň dowamynda ýokary netijeli we howpsuz oba hojalyk dökünlerini öndürmek arkaly azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde himiýa senagatynyň wajyp orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

        Mejlis halkara bilermenler, öňdebaryjy korporasiýalaryň wekilleri bilen pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. «Sumitomo Corporation Central Eurasia LLC», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň energetika hem-de himiýa senagaty pudaklaryna daşky gurşawa zyňyndylary azaltmaga gönükdirilen täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. «S&P Global Platts», «Fertecon» ýaly öňdebaryjy agentlikleriň bilermenleri minerallaryň, dökünleriň we ammiagyň dünýä bazarynyň häzirki ýagdaýy barada seljerme maglumatlaryny berdiler. Olaryň çykyşlary Türkmenistanyň bu bazarlardaky strategik ornuny, himiýa senagatyndaky ýokary mümkinçiliklerini tassyklady.

        «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň ilkinji güni B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar bilen tamamlandy. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

        Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «KHD Humboldt Wedag International AG» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Zippe Industrieanlagen GmbH» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «WUHUAN Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «China CAMC Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda bug-gazan utilizator enjamyny getirmek we çalşyrmak işlerini ýerine ýetirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Invatix Solutions FZ-LLC» kompaniýasynyň (Birleşen Arap Emirlikleri) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda howa elektrik geçirijilerinde buzuň emele gelmeginiň öňüni almak üçin enjamlary üpjün etmek taslamasy boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.