3-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mejlisler jaýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni Y.Hydyrow, Elektro polat erediji sehiniň elektropeçlerde polat eredijisi K.Myratgulyýew, Hil sozma sehiniň gyzgyn sozujy stanoklarynyň post dolandyryş operatory M.Saparmuhammedow, Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň el bilen kebşirleýjide elektro kebşirleýjisi A.Gullyýew we «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň gaz bilen kesijisi D.Gylyjowdagylar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda işgärleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, işgärleriň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetlerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog