22-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň baýram edilýän ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünliklere beslenmegi hem-de täze 2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» tele ýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni G.Abdyrahmanowadagylar gatnaşdy.

Gepleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, amala aşyrylan dünýä nusgalyk işleri, ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleri we olaryň ähmiýetini şöhlelendirýän buýsançly gürrüňler, şeýle hem bosagada duran täze 2026-njy ýyl baradaky ýagşy awzuwlar beýan edildi.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog