4-nji fewralda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň we kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Orazow alyp bardy.

         Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni A.Bazarowdagylar çykyş etdiler.

         Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň we özygtyýarly Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy senelere, şatlykly wakalara beslenip uly ruhubelentlikde dowam edýändigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşan bu taryhy wakanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylymyzda gowşurulmagynyň, taryhy ýylyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmak bilen, milli atşynaslarymyza, bedewlerimiziň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza, şeýle hem milli atşynaslyk däplerimizi häzirki döwürde mynasyp dowam etmekde, ony gorap saklamakda, geljekki nesillerimize ýetirmekde we döwrebap derejede ösdürmekde tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgümizi has-da artdyrdy diýip uly buýsanç bilen bellediler.

         Türkmenistanda sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi. Bu toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine, geçen ýyl bolsa Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Türkmenistanda atçylyk sportyny we sirk sungatyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde başy başlanan taryhy özgertmeler, täze taryhy eýýamda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netjesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ussat halypa seýsi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly yhlasynyň we seýisçilik tejribesiniň netijesinde özüniň seýislän 2009-njy ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat berilen Akhan bedewiniň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini hem-de Akhanyň bu abraýly toparyň düzüminde dürli döwletlerde çykyş edip ençeme halkara festiwallarynda baýraklara mynasyp bolmagy aýratyn guwandyryjy wakalaryň biridir.

         Ýurdumyzda atçylyk sungatynyň abraýy has-da artyp bu ugurda halkara gyzyklanma barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden bahasyna ýetip bolmajak maddy gymmatlyklarynyň halkara derejesinde dabaralanmasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda döreden «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň çapdan çykmagy we olaryň dürli dillere terjime edilmegi, giň dünýä jemgyýetçiligi we ahalteke atlary bilen gyzyklanýanlar üçin gymmatly goldanma öwrüldi.

             Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda behişdi bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we seýislemek boýunça köpasyrlyk däplerimizi gorap saklamak we ony giňden wagyz etmek, bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamaga aýratyn üns berilýändigini, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, ösüş ýoluna düşen türkmen döwletiniň ýeten belent sepgitleriniň, gazanýan beýik üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrülendigini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny belende galdyrmakda, milli seýisçilik däplerini goramakda, olary geljekki nesillere miras goýmakda we ösdürmekde uly işleri bitiren atçynaslaryň, halk seçgiçileriniň hem-de ussat seýisleriň atlarynyň ebedileşdirilýändigini, sebitde deňi taýy bolmadyk, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemal tapan döwrebap «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherindäki Halkara atçylyk akademiýasyna we bu şäheriň esasy şaýollarynyň birine Aba Annaýewiň adynyň dakylmagynyň munuň aýdyň subutnamasygyny uly buýsanç billen belläp,  Aba Annaýewiň atşynaslyk sungatyny ösdürmekde, bu sungatyň gadymy däplerini nesilden-nesillere geçirmekde bitiren hyzmatlarynyň örän ulydygyny we häzirki ýaş nesillere nusgalyk ýol-ýörelgedigini aýratyn bellediler.

             Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan gymmatly baýlygymyz bolan behişdi bedewlerimizi sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

RÜSTEM BABAÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary

Leave A Comment