Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Size rowaçlyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk, ösüş arzuw edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan ähli musulman ymmatyna rysgal-bereket dileýärin.

Haýsam bin TARIK,
Omanyň Soltany.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan rysgal-bereket, biziň doganlyk ýurtlarymyza parahatçylyk we berkararlyk dileýärin. Baýramyňyz gutly bolsun!

Turki bin Mohammed bin Fahad bin ABDUL-AZIZ,
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy.

Leave A Comment