Bismillähir-rahmänir-rahim!
Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgeleriniň arasynda öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek aýratyn orun tutýar. Hormatly Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz ýurdumyzyň abraý-mertebesi dünýä dolýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hakydasynda müdimi orun alan hem-de jemgyýetimizde agzybirligi, özara hormat-sylagy, ruhy bitewüligi pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, adatlarymyz mynasyp dowam etdirilýär.
Hormatly sarpasy belent Gahryman hajy Serdarymyz!
Siziň nesilme-nesil dowamat-dowam bolup gelýän ýokary ynsanperwer gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpany dabaralandyrýan başlangyçlaryňyzdan hem-de jemgyýetimizi ynsanperwerlik ruhunda ösdürmek ugrundaky maksatlaryňyzdan ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Hatyra gününde Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, eziz Diýarymyzyň ähli obadyr şäherlerinde ýatlama çäreleri geçirilýär. Agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýan Hatyra gününde häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjitlerde, Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan nusgalyk işleriňiziň, dünýäde parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýan beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegi üçin Gudraty Güýçli Beýik Biribara sygnyp, doga-dilegler edilýär. Bularyň ählisi Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryňyza laýyklykda, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini, dini we dünýewi ygtykatlarymyzy baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak arkaly milli mertebämiziň beýgelýändigini, jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri we milli däplerimiz esasynda kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyk edýär.
Hormatly Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz!
Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan döwlet syýasatyňyzyň, giň gerimli özgertmeleriňiziň baş maksady Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmekden, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybarat bolup, bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Maksatnamalara, strategiýalara, konsepsiýalara laýyklykda, milli ykdysadyýetimiz durnukly we sazlaşykly ösdürilýär hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýar.
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde, hormatly Prezidentimiz, Siz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlaryny has-da berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak, raýatlaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly goýan täze belent wezipeleriňiz hem-de maksatlaryňyz ýurdumyzyň her bir raýatynda ruhlandyryjy duýgulary döredip, jemgyýetimiziň watançylyk ruhuny, her bir güni beýik ösüşlere beslenen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan buýsanjyny has-da belende göterdi. Siziň bu taryhy mejlisde: «Häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys» diýen ruhlandyryjy sözleriňiz mähriban halkymyzyň kalbyna mukaddes şygar bolup ornaşdy.
Gahryman hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň gatnaşmagyňyzda Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli sadaka bermegiňiz, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan şanly sahypalar, bitirilýän uly işler, milli ýörelgelerimiziň nusgalyk derejede dowam etdirilmegi, bagtyýarlygymyz we rowaçlygymyz, tutuş halkymyz bilen birlikde, biz — dindarlary örän begendirýär, eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz, Size bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Hormatly Gahryman hajy Serdarymyz!
Hatyra güni mukaddes Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, şonuň ýaly-da, 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ata-babalarymyzy ýatlap, eziz Watanymyzyň berkararlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy üçin okalýan aýatlar hem-de edilýän doga-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Goý, şehit bolan watandaşlarymyzyň ýatan ýerleri ýagty, imanlary hemra bolsun!
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň röwşen ýolundan beýik geljegine ynamly gadam urýan eziz Watanymyzda asudalyk, abadançylyk, agzybirlik ebedi bolsun!
Gudraty Güýçli Allatagala, Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Sizi öz penasynda aman saklap, janyňyzy sag, ömrüňizi uzak, mertebäňizi belent, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriňizi elmydama rowaç etsin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň ähli dindarlarynyň adyndan Türkmenistanyň müftüsi R.GURBANMYRADOW.
Leave A Comment