Baýramçylyk dabaralaryna baý bolan geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny saklamaga, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir. 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şol gün toplumyň çägi zergärleriň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň “asman atlaryna” bagyşlanan işleriniň giň gerimli sergi meýdançasyna öwrüldi. Bedewler Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn toplumlarynyň baýraklaryny almak ugrunda bäsleşip, dürli aralyklara geçirilen ýedi çapyşykda özleriniň iň gowy beden taýýarlyklaryny görkezdiler. Jemleýji, ýedinji çapyşykda pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başaran Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele atyň çapyksuwaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy gowşuryldy. Dabaralaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly işewür toparlaryň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini hem-de Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Soky kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda işewür hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 28-nji sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de bu günki günde ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzany birleşdirýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Mejlisde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda türkmen ahalteke atlary parahatçylygyň we medeni ýakynlygyň ilçileri diýen hoşniýetli wezipäni ynamly berjaý edýärler. Bu babatda ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň, şeýle hem «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda 35 döwletden 100-den gowrak bedewi hem-de hünärmenleri bir ýere jemlän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek, ahalteke atlaryny konkuryň we atly sportuň beýleki görnüşleriniň halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw-türgenleşik maksatnamalaryny taýýarlamak, ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport boýunça iri bäsleşiklerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklaryny we kuboklaryny döretmek, ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy ösdürmek, Ahalteke atlarynyň halkara tohumçylyk geňeşini döretmek hakynda Kararlar bar. Daşary ýurtly wekiller zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ahalteke atlarynyň gadymy watanynda tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtap, özara hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilmegi baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. 28-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, şeýle hem «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşyp, köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. 29-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm çäreleriniň üstüni ýetirdi. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans hem-de folklor toparlarynyň, dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlary hem-de atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary, türkmen milli göreşi boýunça pälwanlaryň tutluşyklary, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy milli däp-dessurlara laýyklykda guralan baýramçylyk toýunyň ruhubelentlik ýagdaýyny has-da belende göterdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Toplumyň çägindäki bölümlerde we barlaghanalarda döwrebap enjamlar atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmäge ýardam berýär. Toplumyň esasy hem-de dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Athanalar, atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežler, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, atlary seýislemäge we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdançalar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Ýörite fotostudiýada bolsa atlar bilen ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşlerde surata düşüp bolýar. Bedewleri ýokumly iýmler bilen üpjün etmegiň möhümdigi göz öňünde tutulyp, toplumyň çägindäki alma baglarynda ösen aýratyn görnüş — «Babarap almasy» ekildi. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen käşir we ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda we türkmeniň atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, assosiasiýanyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň “Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.” atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine 2023-nji ýylda doglan, mele reňkli, Dosthan atly ahalteke bedewini we oňa degişli güwänamany gowşurdy. Hytaýly myhman ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolup, Gahryman Arkadag bilen didarlaşmagyň we dünýä atşynaslarynyň baş arzuwyna öwrülen ahalteke bedewiniň sowgat berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Liu Şutsin kompaniýasynda 1200 baş atyň bardygyny, olaryň 600-den gowragynyň ahalteke bedewleridigini aýratyn buýsanç bilen habar berdi. Gahryman Arkadagymyzyň badalga bermegi bilen, 35 atly ýigidiň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýöriş hem-de ussat çapyksuwarlaryň toý çapuwy dabaranyň esasy wakalary boldy. Şanly toýuň hormatyna guralan toý çapuwynda birinji orna we baş baýraga ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan Daghan atly bedewi mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyz çapdy. Milli Liderimiziň çözgüdi bilen, birinji orun üçin baş baýrak — “Range Rover Sport” awtoulagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat hökmünde geçirildi. Baýramçylyk maksatnamasyna türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi hem girizildi. Onda ýeňiş gazanan Arwana atly türkmen alabaýy we onuň eýesi “Toyota Corolla” awtoulagy bilen sylaglanyldy. Çapuw meýdançasynda türkmen toýy bilen bagly däp-dessurlaryň görkezilişi bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna özboluşly