16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog O.Annadurdyýew Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp boldy.
1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda sagdyn bedenli, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaşlaryň ylmy we döredijilik başarnyklaryny açyp görkezmekde hem-de olary goldamakda mynasyp işleri amala aşyrýar. Her ýyl Garaşsyz ýurdumyzda zähmetde, döredijilikde, ylymda-bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanyp aýratyn tapawutlanýan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini giňden wagyz etmekde işjeňlik görkezýän öňdebaryjy ýaşlara Ýaşlar baýragynyň gowşurulmagy bolsa munuň aýdyň beýanydyr.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni,
kärhananyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy