«Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi pagtany gaýtadan işlemek boýunça işleri üstünlikli alyp barýar

«Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi pagtany gaýtadan işlemek boýunça işleri üstünlikli alyp barýar

Häzirki günlerde «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary meýdanlardan gelip gowuşýan täze hasylyň pagtasyny ilkinji senagat taýdan gaýtadan işlemek işlerini bökdençsiz amala aşyrýarlar. Önümçiligiň ýokary depginini saklamaga, esasan, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilen taýýarlyk işleri ýardam berýär. Şol işleriň dowamynda arassalaýjy enjamlara we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalara doly tehniki gözegçilik geçirilip, abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi hem-de abatlaýyşdan soňky synaglar amala aşyryldy. Öz wagtynda görlen çäreler önümçilik ýüküniň iň ýokary derejä ýetýän döwründe enjamlaryň näsazlyk ýüze çykarmak töwekgelçiligini ep-esli azaltmaga, şeýle hem pagta süýüminiň ýokary çykyşyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Hasylyň ýygnalyşynyň möçberlerini we depginlerini göz öňünde tutup, kabul ediş bölümleriniň, guradyjy we arassalaýjy önümçilik ugurlarynyň zerur geçirijilik kuwwatynyň üpjün edilmegi hem işleriň bellenilen depginde alnyp barylmagyna ýardam etdi. Döwlet tarapyndan pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek we berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, häzirki wagtda diňe «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň düzüminde dokuz sany pagta arassalaýjy zawod hereket edýär. Olaryň hatarynda ýylda 40 müň tonna önüm öndürmäge ukyply, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iň döwrebap täze kärhana hem-de Köneürgenç etrabynda bir wagtyň özünde 10 müň tonna çig pagtany saklamaga niýetlenen pagta kabul ediş terminaly bar. Şeýle önümçilik kuwwatlyklarynyň bolmagy sebitde ösdürilip ýetişdirilen orta süýümli pagta sortlarynyň hasylyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek we ýokary hilli pagta süýümini, pagta çigidini hem-de beýleki ugurdaş önümleri öndürmek boýunça işleri üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Olaryň bäsdeşlige ukyply ýokary hilli aýratynlyklary önümlere bolan durnukly islegi üpjün edýär, sebitiň ykdysady we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň dokma senagatynyň üstünlikli ösdürilmegine hem-de pagtaçylyk pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär. Source

Read More
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ekologik bilimiň, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ekologik bilimiň, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi adamzadyň öňünde duran iň möhüm ählumumy meseleleriň biri bolup durýar. Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagy, tebigy hadysalaryň ýygylygynyň we güýçlüliginiň artmagy hem-de biodürlüligiň azalmagy tebigy ekoulgamlara, ykdysadyýete we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine düýpli täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, onuň netijelerine uýgunlaşmak we geljekki nesiller üçin ekologik taýdan durnukly gurşawy döretmek halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty (COP) dünýä döwletleriniň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmekde, tejribe alyşmakda we bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat edýär. 2026-njy ýylyň 9-20-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän COP 31 maslahatynda hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, uýgunlaşmak mümkinçiliklerini giňeltmek, arassa energetikany ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ýagdaý howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň diňe bir döwlet edaralarynyň ýa-da hünärmenleriň däl, eýsem, bilim ulgamynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we tutuş jemgyýetiň üns merkezinde bolmalydygyny görkezýär. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ekologik bilimiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ekologik bilim adamyň tebigata bolan garaýşyny kemala getirmek, daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmegi öwretmek we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak endiklerini ösdürmek üçin zerur şertleriň biridir. Ekologik taýdan sowatly jemgyýet daşky gurşaw bilen bagly meseleleriň sebäplerine has gowy düşünýär, olaryň öňüni almak boýunça degişli çözgütleri goldaýar we gündelik durmuşynda tebigata zyýan ýetirmeýän hereketleri saýlap alýar. Bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň orny aýratyn uludyr. Sebäbi hut ýokary bilim edaralarynda geljekde ykdysadyýetiň, senagatyň, oba hojalygynyň, energetikanyň, gurluşygyň we beýleki pudaklaryň ösüşine goşant goşjak ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Şol sebäpli okuw maksatnamalarynda ekologik meseleleriň, howanyň üýtgemeginiň sebäpleriniň we netijeleriniň, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmagyň, ýaşyl ykdysadyýetiň hem-de durnukly ösüşiň ýörelgeleriniň giňden beýan edilmegi möhümdir. Ekologik düşünjäni ösdürmekde amaly sapaklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň, açyk sapaklaryň, bäsleşikleriň we düşündiriş çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Talyplaryň tebigaty goramak boýunça meýletinçilik başlangyçlaryna ̶ bag ekmek, arassaçylyk we galyndylary aýry ýygnamak ýaly çärelere gatnaşmagy olaryň ekologik jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle çäreler ýaşlaryň diňe bir bilimini artdyrman, eýsem, jemgyýetçilik işjeňligini, başlangyç görkezmek we topar bolup işlemek ukyplaryny hem ösdürýär. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ylmy barlaglaryň ähmiýeti hem örän uludyr. Sebäbi netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ilki bilen howanyň üýtgemeginiň sebitleýin we ýerli derejedäki täsirlerini öwrenmek, ýüze çykýan töwekgelçiliklere baha bermek hem-de geljekki üýtgeşmeleri çaklamak zerurdyr. Bu ugurda klimatologiýa, gidrologiýa, agronomiýa, biologiýa, geografiýa, ekologiýa we inženerçilik ylymlarynyň gazananlary möhüm ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň netijeleri suw serişdelerini dolandyrmakda, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny gorap saklamakda, çölleşmäniň öňüni almakda, topraklaryň ýagdaýyny gowulandyrmakda we tebigy ekoulgamlary goramakda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň tebigy-geografik aýratynlyklaryny nazara alanyňda, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, oba hojalygynyň howa şertlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek we tebigy baýlyklary goramak aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler halkara borçnamalar we milli maksatnamalar bilen utgaşdyrylýar. Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy boýunça milli derejede kesgitlenen goşandy hem parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, uýgunlaşmak mümkinçiliklerini giňeltmek we ekologik durnuklylygy ýokarlandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we ýaş hünärmenleriň goşandy möhümdir. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalary howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mümkinçilikleri has-da giňeldýär. Sanly gözegçilik ulgamlary, emeli hemralardan alynýan maglumatlar, geografik maglumat ulgamlary, uzak aralykdan zondirleme usullary we emeli aň tehnologiýalary howa ýagdaýyna gözegçilik etmäge, suw we ýer serişdeleriniň ýagdaýyny seljermäge, tebigy töwekgelçilikleri öňünden kesgitlemäge ýardam berýär. Şeýle tehnologiýalaryň oba hojalygynda ulanylmagy suwaryş suwuny tygşytlamaga, ekinleriň ösüş ýagdaýyny yzarlamaga we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi bolsa daşky gurşawa edilýän täsiri azaltmakda möhüm orny eýeleýär. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işlerini innowasion tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini açmaga giň ýol açýar. Talyplaryň ylmy taslamalara gatnaşmagy, ekologik meseleleriň çözgüdine gönükdirilen täze pikirleri öňe sürmegi, tejribe işlerini geçirmegi we halkara ylmy hyzmatdaşlygyna goşulmagy olaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirýär. Şunuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik kärhanalarynyň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ekologik bilimleriň we ylmy maglumatlaryň giň jemgyýetçilige ýetirilmegi hem möhüm wezipeleriň biridir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet neşirleri, ylmy makalalar, jemgyýetçilik çäreleri we wagyz-nesihat işleri arkaly ilatyň howanyň üýtgemegi baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak mümkin. Şeýle işleriň netijesinde tebigy baýlyklary goramak, energiýany we suwy tygşytlamak, galyndylary azaltmak ýaly endikler jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip biler. Netijede, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak diňe bir ekologik ýa-da ylmy mesele bolman, eýsem, jemgyýetiň ähli ugurlarynyň gatnaşmagyny talap edýän möhüm ösüş wezipesidir. Ekologik bilim, ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar bu ugurda özara baglanyşykly üç esasy daýanç bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleriniň bu ugurdaky işjeňligi ýaş nesliň ekologik düşünjesini ösdürmäge, ylmy mümkinçiliklerini açmaga we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Tebigata jogapkärçilikli garaýyş, ylma daýanýan çözgütler we halkara hyzmatdaşlygy arkaly häzirki hem-de geljekki nesiller üçin has durnukly, howpsuz we amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek mümkin. Source

Read More
Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Aşgabat şäherindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda XX asyryň görnükli kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Ol gabaw astyndaky Leningradda ýaňlanan we şondan soň «Leningrad simfoniýasy» diýlip atlandyrylan ýedinji simfoniýanyň awtorydyr. Modernizm we neoklassisizm äheňlerinde döredilen Dmitriý Şostakowiçiň saz eserleri dünýä saz sungatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyrdy. Konserti halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Enejan Nuryýewa «Gögeýin» kinofilminden «Noktýurn» eseri bilen açdy. Fleýta saz guralyny ýerine ýetiriji Emir Baýramgeldiýew bolsa «Noktýurnyň» döreden çynlakaý saz äheňini Şostakowiçiň üç sany gysga eseri – «Liriki wals», «Şarmanka» we «Degişme-wals» bilen üýtgetdi. Zalda oturan tomaşaçylaryň keýpi has-da göterildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa «Garşylaşyk hakyndaky aýdymdan» «Bizi säher salkynlygy bilen garşy alýar» diýen ilkinji setirleri aýdyp başlanyndan, tomaşaçylar uly şatlyk bilen kabul etdiler. Bu eser köp sanly diňleýjileriň uzakdaky, ajaýyp çagalyk ýyllaryny ýadyna saldy. Joşgunly, marş äheňli, şol bir wagtyň özünde-de liriki häsiýetli bu saz özüniň ruhlandyryjy häsiýeti bilen ýaş diňleýjileriň hem göwnünden turdy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow we ýaş pianinoçy Amannazar Arslanow Dmitriý Şostakowiçiň iň meşhur eserleriniň biri bolan fortepiano we orkestr üçin ikinji konsertini ýerine ýetirdiler. Soňra ýene-de çynlakaý akademiki saz kompozitoryň degişme häsiýetli eserlerine orun berdi. Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewanyň ýerine ýetirmeginde «Satiralar» toplumyndan Saşa Çýornynyň sözlerine ýazylan iki aýdym ýaňlanyp, tomaşaçylaryň şatlygyny artdyrdy. Mundan soň ýene-de çynlakaý saz eserleri ýaňlandy. Şu ýylky Delfiý oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Seýran Atanyýazow hem-de Jemal Tahyrowa iki skripkadan ybarat bolan duetde çykyş etdiler. Olar Dmitriý Şostakowiçiň bäş sany eserini – «Prelýudiýa», «Gawot», «Elegiýa», «Wals» we «Polka» eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertiň çynlakaý we degişme äheňlerini utgaşdyran maksatnamasyny bolsa Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky konserwatoriýanyň kirişli orkestri jemledi. Sazandalar öz liriki öwüşgini bilen özüne çekýän «2-nji walsy» ýerine ýetirdiler. Bu eser köplenç «Rus walsy» diýlip hem atlandyrylýar. Dmitriý Şostakowiçiň döredijiliginiň dürli ugurlaryny öz içine alýan şeýle döredijilikli we gyzykly maksatnamany konserwatoriýanyň kamera ansambly kafedrasy taýýarlady. Konsertiň konsertmeýsteri halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa boldy. Source

Read More
Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere, bedew batly ösüşlere hem-de ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan sergini synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülen gymmatly eserlerine möhüm orun berildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýelemek işine mynasyp goşant goşup gelýär. Gurama ýurdumyzyň ýaşlaryny bir ýere jemläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy öňdebaryjy ýaşlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Ol bedew badynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyza ýaşlaryň belent buýsanjynyň beýany boldy. Soňra dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. “Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlarymyzyň mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr. Biz watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinýän ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşýandyklaryna buýsanýarys” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär. Ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, bilimde, ylymda, döredijilikde, sportda we zähmetde gazanýan üstünliklerini höweslendirmek maksady bilen, her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu baýrak ýaşlary öndürijilikli zähmete, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň taryhynda möhüm wakadygyny nygtap, bu senäniň ýaş nesillerimizi täze üstünliklere, döwletli başlangyçlara hem-de belent maksatlara galkyndyrjakdygyna berk ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen okuw sapagyndaky ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň, maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan çykyşy watansöýüjiligiň uly mekdebine öwrüldi. Milli Liderimiz çykyşynda: “Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy baradaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmeginiň asyl manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr… Siziň her biriňiziň baş şygaryňyz kämillik bolmalydyr. Ynsan hemişe kämillige ymtylmalydyr. Türkmen ýigidi we gyzy özünde milletimiziň iň ajaýyp, iň gözel, iň näzik ahlak sypatlaryny jemlemelidirler. Arassa ahlak ynsanyň kämilligi bilen ýüze çykýar. Ynsan kalbynda dostluk, doganlyk, ynsanperwerlik duýgularyny oýarýan halkymyzyň milli ahlak kadalaryna her birimiz guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyrys” diýip belledi. Soňra zähmetde, döredijilikde, ylym-bilimde aýratyn tapawutlanan ýaşlar gezekli-gezegine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny kabul etdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy bu baýraga hödürlenildi. Şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ilatynyň agramly bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaşlar düzýär. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, ylym-bilim, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýarlar. Garaşsyzlyk ýyllaryndaky düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Gazanylan ägirt uly üstünlikler döwlet ösüş ugrunyň oýlanyşykly saýlanyp alnandygynyň görkezijisi bolmak bilen, bu ugry eziz Diýarymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýän ähli türkmenistanlylaryň giňden goldaýandygynyň beýany boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda: “Siz — Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesil. Türkmenistan size uly umyt baglaýar” diýip nygtamagy ähli ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Diýarymyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Olaryň döwrebap bilim almaklaryna, saýlap alan kärine eýe bolmaklaryna, ylmy işleri alyp barmaklaryna, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Degişli ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýady, kabul edilen maksatnamalar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde beýanyny tapýar. Türkmen ýaşlary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, dünýäde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, halkara hyzmatdaşlyga giňden çekilýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň we olaryň dürli döwletlerdäki deň-duşlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halkara giňişlikde ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýär. Ýurdumyz BMG-niň bilimiň bütin dünýäde ösdürilmegine, ýaşlar bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. …Abraýly sylaga mynasyp bolan bagtyýar ýaşlar bilim almaga, zähmet çekmäge, döredijilik, ylmy iş bilen meşgullanmaga döredýän şertleri üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň, halkymyzyň her bir gününi şöhratly üstünliklere beslemekde mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly kitaby hem ýaşlarymyz üçin ýolgörkeziji şamçyraga öwrüler. Dabaranyň çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmekleri, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim-terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde ylymly-bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, döwrebap sanly tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak, ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ylym, önümçilik bilen utgaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda kämil usuly döretmek esasy maksat hökmünde kesgitlenildi. Bilim edaralarynda, iş we durmuş şertlerinde sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy döwrebap pikirlenýän, ýurduň ykdysady kuwwatynyň

Read More

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENI TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝESI DIÝEN ADA MYNASYP BOLDY

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog O.Annadurdyýew Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp boldy. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda sagdyn bedenli, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaşlaryň ylmy we döredijilik başarnyklaryny açyp görkezmekde hem-de olary goldamakda mynasyp işleri amala aşyrýar. Her ýyl Garaşsyz ýurdumyzda zähmetde, döredijilikde, ylymda-bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanyp aýratyn tapawutlanýan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini giňden wagyz etmekde işjeňlik görkezýän öňdebaryjy ýaşlara Ýaşlar baýragynyň gowşurulmagy bolsa munuň aýdyň beýanydyr. HOJANEPES ORAZOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni,kärhananyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy

Read More