• Türkmenistan, Ahal welaýaty

    Aşgabat-Daşoguz ýolunyň 22-nji km

Preloader Close

28-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň     hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanpes Orazow alyp bardy. Dabara kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. Maksat Gurbangulyýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beýik üstünliklere beslenýändigini, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýandygyny, ähli ulgamlarda beýik ösüşleriň gazanylýandygyny we belent sepgitlere ýetilýändigini, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da pugtalanýandygyny, merdana halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulanýandygyny uly buýsanç bilen bellemek bilen, uly üstünliklere beslenip dowam edýän 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Liderine ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmenistanlylara mynasyp sowgat boljakdygyny belländigini uly buýsanç bilen aýytdylar.

Magtymguly Pyragy Gündogaryň beýik akyldarlarynyň biri bolmak bilen ol türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujysydyr. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly üýtgewsiz umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Pyragynyň döredijilik we filosofik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolmak bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary dünýä edebiýatynda baky orun aldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde  ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçirilen bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegini, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde aýratyn orun eýeleýändigini tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar aýratyn belläp geçdiler.

Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren başlangyçlary, çuňňur manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine düýpli täsir edýär. Üç asyr bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir.  Magtymguly Pyragynyň pikir-garaýyşlary, taglymaty türki dilli halklaryň nakyllary we atalar sözleri, şahyrlarynyň goşgulary bilen baglanyşýar. Bu barada Azerbaýjandan, Owganystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Beýik Britaniýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Ispaniýadan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Malaýziýadan,    BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini, ugurdaş hünärmenlerini    hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edenler hem buýsanç bilen belläp geçdiler diýip dabarada çykyş edenler aýytdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň esasy wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bolsa taryhy ýylymyzyň iň bir ýatda galyjy wakalarynyň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen akyldary hem-de filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňden öwrenilýar. Bu täze neşir «Magtymguly» atly kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitabyň sözsoňunda akyldaryň ömürini we döredijiligine öwrenmäge uly goşant goşan türkmen we daşary ýurtly alymlaryň bitiren işleri barada giňden beýan edilýär. Kitapda rus diplomatiýasynda işlän polýak ýazyjysy A.Hodzko-Boreýkonyň, belli gündogarşynas, akademik A.N.Samoýlowiçiň, gündogarşynaslar I.N.Bereziniň, A.Wamberiniň, F.Bakuliniň we türkmen alymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy D.Nuralyýewiň, akademik B.A.Garryýewiň, professor M.Kösäýewiň hem-de beýleki alymlaryň atlary we bitiren uly hyzmatlary we olaryň ähmiýeti giňden beýan edilýär. Bu kitap giň okajylar köpçüligini easanda Magtymguly Pyragy onuň goşgulary ömri we döredijiligi bilen gyzyklanýanlar, şunuň bilen bagly ylmy işleri alyp barýanlar üçin uly gollanma kitaby bolar.

Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halky üçin beýik dana, bütin adamzat paýhasyny edebi döredijiligine sygdyryp bilen Magtymguly Pyragyny öwrenmäge, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkdagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlary aýytdylar.

HOJANEPES ORAZOW
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni