16-njy awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň, Ahal welaýat prokuraturasynyň, Ahal welaýat häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda iş meýilnamasyna laýyklykda howanyň temperaturasynyň ýokary galmagy bilen bagly, edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi has-da güýçlendirmek, işgärleriň arasynda ýangyn howpsuzlygy we ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň kadalary, ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini dogry peýdalanmagyň endiklerini ösdürmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradow alyp bardy.
Möhüm ähmiýete eýe bolan wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz nesihat boýunça uly gözegçisi i/g kapitany G.Silgeldiýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 201-nji ÝHB-niň gözegçisi i/g leýtenanty P.Gydyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň JHB-niň 4-nji bölümçesiniň gözegçisi polisiýanyň maýory B.Kesäýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň wagyz nesihat boýunça gözegçisi polisiýanyň kapitany M.Kakabaýew, Ahal welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory 1-nji derejeli ýurist A.Sähedow, Ahal welaýat häkimliginiň wekili Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty R.Işanmyradow, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeriniň w.w.ýe.ýe. Maksat Gurbangulyýewdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny, Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläkde berkemegi, halkara abraýynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň we desgalaryň, iri senagat kärhanalarynyň yzygiderli gurulup ulanylmaga berilýändigini, eşretli zamanamyzyň ajaýyp binadyr desgalarynyň ýangyn howpsuzlygy bolsa, biziň her birimize baglydygyny bellemek bilen, bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hemişe uly aladalaryň edilýändigini we toplumlaýyn çäreleriň işlenilip taýýarlanylýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bina edilýän desgalaryň iň häzirki zaman tehnologiki enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işine uly üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini yzgiderli döwrebaplaşdyrmaga, bu ulgamda ylymyň we tehnologiki usullarynyň iň soňky gazananlarynyň, dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň bu ugurdaky tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri alyp barmak bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça öz maslahatlary bilen edara-kärhanalarda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýärler.
Edara-kärhanalarda zähmet çekýän her bir işgäriň ýangyn howpsuzlygyň kesgitlenen düzgünlerini we gözükdirmelerini anyk bilmekleriniň hem-de ony berk berjaý etmekleriniň, hemişe öz iş orunlarynda ýangyna garşy ähli çäreleri ýerine ýetirip, iş ýerine ýa-da bölüme berkidilen ýangyn söndüriji enjamlarynyň dogry saklanylmagyna gözegçilik etmekleriniň, edaradyr-kärhanalaryň her bir işgäriniň, öz iş ýerinde ýa-da kärhananyň beýleki ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny, ýangyn söndüriji enjamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň başga maksatlar üçin ulanylýandygyny ýüze çykarylan ýagdaýynda düzgüni bozuja haýal etmän duýdurmaga borçludygyny belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler önümçilik senagat kärhanalaryna täze işe kabul edilen işgärleriň, şonuň ýaly-da tejribelik geçmek üçin ýa-da wagtlaýyn işe gelýän işgärler, şol sanda inžener-tehniki işgärler bilen ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirmeleriň kärhananyň ýangyn howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilmeginiň, geçirilýän gözükdirmelerde kärhananyň çäginde, önümçilik senagat kärhanalarynyň önümçiliklerinde ýerine ýetirmeli ýangyn howpsuzlyk düzgünleri bilen giňişleýin tanyşdyrylmagynyň, bar bolan serişdeleri, ýangyn barada habar bermek hem-de söndürmek ulgamlary, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň doly düşündirilmeginiň, ýangyn dörän ýagdaýynda ýerine ýetirmeli hereketleriň doly tanyşdyrylmagynyň, şol sanda işçileri ýangyn howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okatmak ýa-da gözükdirme işlerini geçirmeklik üçin ýörite görkezme esbaplaryndan, kino filmlerden, slaýdfilmlerden peýdalanmaklygyň, ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny görkezmekligiň düşünjeleri giňeltmäge uly ýardam edýändigini belläp geçdiler. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen her ýylyň 1-30-njy sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň golaýlap gelýändigini, bu jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýeti we ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlyga taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny bellediler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda duşuşyga ýygnananlar we çykyş edenler halkymyzyň asuda, abadan we howpsuz durmuşyny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni