Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň täsin tebigy künjekleri, taryhy ýadygärlikleri, özboluşly haýwanat dünýäsi bilen irki döwürlerden bäri jahankeşdeleri, alymlary özüne çekip gelýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň baý milli däp-dessurlary we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýäniň syýahatçylyk merkezleriniň arasynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň mart aýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda bu ugury ösdürmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan-Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherini, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherini, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurulan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Köpetdagyň ajaýyp künjeklerini, Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini, Amyderýanyň kenar ýakalaryny, Köýtendag, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropiki ýerlerini, Bathyz, Repetek, Sünt-Hasardag we beýleki milli goraghanalarynyň ajýyplyklaryny görmäge, şeýle hem Arçman, Baýramaly, Farap, Berzeňňi, Bagabat, Mollagara we beýleki şypahanlarynda dynç almaga we saglyklaryny dikeltmäge dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň gelmegi ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ulydygyny hem-de syýahatçylyk merkezleriniň arasynda möhüm orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hazaryň kenary ýylyň dört paslynda-da özüniň gözelligi, ajaýyplygy bilen haýran edýär. Hut şu nukdaýnazardan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. 2009-njy ýylda işe başlan bu syýahatçylyk zolagynda häzirki wagtda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň on müňden gowragyny kabul edip bilýän dürli derejeli myhmanhanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, 1 380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezi, kottejler toplumlary, dynç alýanlar we syýahatçylar üçin niýetlenen seýilgähler, umumy meýdany 30 gektar bolan düzüminde suw attraksionlary bilen bilelikde dürli ýaşdaky dynç alýanlaryň we syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrýan «Awaza» akwaparky, uzynlygy 7 kilometr, ini 50-den 70 metre we çuňlugy 4 metre ýetýän gidrotehniki desgasy bolan «Awaza» derýasy, «Awaza» sport toplumy, ýahta klublary we beýleki desgalar gurulup ulanylmaga berildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda dürli görnüşli halkara derejesindäki syýasy-medeni, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ajaýyp kenarda möhüm seneleriň biri bolan-Hazar deňziniň güniniň her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi bu syýahatçylyk zolagynyň dürli görnüşli möhüm ähmiýetli syýasy-medeni, sport çäreleriň geçirilýän iri merkezine öwrülýändiginiň şol sanda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bolsa munyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ekologiýa abadançylygynyň mekanyna öwürmäge gönükdirmek boýunça başlangyçlary, Hazarýaka döwletleriniň giň goldawyna we seslenmesine eýe bolmak bilen, bagtyýar halkymyzy buýsandyrýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň döwrebap dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin hormatly Prezidenimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde barha kämilleşdirilýär. Suwunyň düzüminde 90-a golaý minerallary özünde jemleýän Hazar deňziniň kenarynda döredilen bu zolakda diňe bir tomusky dynç alyş möwsüminde däl-de eýsem, ýylyň ähli möwsümlerinde öz wagtlaryny gyzykly geçirýän ildeşlerimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň has-da köpelmegi, durmuşa geçirilýän işleriň oňyn netijeleri berýändiginiň we bu syýahatçylyk zolagynda ýylyň ähli paslynda dynç almaga we saglygyňy berkitmäge mümkinçilikleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyza döwrebap derejelerde medeniýetli dynç almaga we saglygyny berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän tükmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys.
RÜSTEM BABAÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi minstrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyň
önümçilik boýunça orunbasary