Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni Gunça Abdyrahmanowanyň we Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi (enjamlar we tehnikalar boýunça) Nöker Seýitmyradowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazga geçirmeginde «Döwrümiziň ösüşleriniň beýany» atly gepleşik ýazgy edildi.         

Gepleşigiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, maslahatlary bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmeginde, has-da kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygynyň ähmiýetine bagyşlanan gürrüňler beýan edildi.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni