15-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazanan ösüşlerini, beýik özgertmelerini, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde goşan şahsy goşandy nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgat bilen sylaglandy.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri, şeýle hem ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine bolan söýgüsini has-da artdyrmakda ähmiýetlidir.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň inžener-tehnology (metallurgiýa boýunça) |