6-njy dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelelikde yglan eden «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly bäsleşiginde II orna mynasyp boldy. Kärhana hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgat hem-de bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.

Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmekde amala aşyrýan tutumly işleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni