6-njy dekabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektrik sehiniň ýokary woltly hojalygynyň, Awtomatika we elektrostansiýalaryň ölçeýji serişdelerini abatlamak we hyzmat etmek boýunça elektroslesory T.Abdukadyrow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelelikde yglan eden «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly bäsleşiginde III orna mynasyp boldy. Ýeňijä hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgady hem-de bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.

Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň hünär ussatlygyny dabaralandyrmakda we olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni