13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy O.Annadurdyýew alyp bardy.

         Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy B.Babaýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy S.Berdiýewdagylar çykyş etdiler.

         Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýyllarymyz özüniň taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanýandygyny, türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny milli we halkara derejesinde dabaralandyrmak maksady bilen yglan edilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şanly wakalara baý ýyllaryň biriniň bolandygyny, şeýle taryhy wakalaryň biri hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öň ýanynda tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagynyň, tamamlanan ýyly many taýdan has-da baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, beýik söz ussadyna, onuň döredijiligine goýulan hormaty we sylagy beýgeltmek bilen, şahyryň döredijiligini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak uly gymmatly hazynadygyny uly buýsanç bilen bellediler.

             Kitap Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgysy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp çuňňur mana eýe bolan goşgulary bilen başlanýar. Munuň bolsa, nesilleriň we eýýamlaryň, öz döwüriniň ussatlarynyň arabaglanşygynyň dowamata dowam bolmagy hökmünde garamak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» we «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly sekiz sany bölümlerden ybarat bolup, kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap edilip neşir edildi.

         Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserleri ýaş-nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň täze «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly bölüminde şeýle diýýar: «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýetine eýedir» diýip, Magtymgulynyň döredijiliginiň köpöwüşgünliligine ünsi çekipdim» diýip belleýär. Hakykatdan hem ylymyň we tehnologiýanyň, sanly tehnologiýalaryň güýçli depginlerde ösýän döwründe, özüniň gadyr-gymmatyny, manysyny ýitirmeýän, çuňňur terbiýeleýjilik ähmiýete eýe bolan Magtymguly Pyragynyň eserleri, häzirki täze taryhy eýýamymyzda hem ýaşlary hemmetaraplaýyn esasda terbiýelemekde, olary ylyma-bilime höweslendirmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki Magtymguly,         ylyma-bilime aýratyn sarpa goýan akyldardyr.

             Mundan başgada täze kitapda, hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragy bilen döwürdeş beýik türkmen şahsyýetleri, XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, XX asyryň, Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatynyň wekilleriniň, türki we beýleki halklaryň wekilleriniň Magtymguly Pyragynyň eserlerinden täsirlenip, öz eserleri bilen Magtymguly Pyragynyň mekdebini, onuň at-abraýyny belentde tutup ösdürendikleri barada, Ýewropada Magtymguly Pyragynyň goşgy düzüş formasynyň, şygyrda beýan ediş usulynyň Ýewropaly şahyrlary ylhamlandyrmak bilen ýewropa halklarynyň edebiýatyna uly täsirini ýetirendigi barada, şeýle hem Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler barada hem buýsançly gürrüňler edilýär. Täze kitabyň «Pähim-paýhas ummany» atly bölüminde hormatly Prezidentimiz alym Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, onuň pähim-paýhasyny dünýä ýaýmakda, golýazmalarynyň nusgalaryny daşary döwletlerden toplap, dünýä dillerine terjime etmekde döreden giň mümkinçilikleri barada hem giňişleýin durulup geçilýär.

             Ussat şahyryň döredijiligine we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanan hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby türkmen halkynyň söwer ogly Magtymguly Pyragyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde gymmatly bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Hormatly Prezidentimiz özüniň täze «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda diňe bir Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik ýoly barada ýazman eýsem-de, bu kitabyň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» bölüminde şanly ýylymyzy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary we Permanlary, Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli halkara forumlaryndaky çykyşlary, gutlaglary ýerleşdirilendir.      

         Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Beýik şahsyýetlerimiziň ömür-döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde, olary aýawly gorap saklamakda we geljek nesillerimize ýetirmekde, wagyz-nesihat etmekde dünýä nusgalyk işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni