Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Konsullygyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Bu maslahata diplomatlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy we işgärleri hem-de Astrahan oblastynda bilim alýan talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Konsullygyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işgärleri hem-de W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyşlar etdiler.

Source

One Reply to “Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi”

unlocker

10 Awg 2026

unlocker.ai – The Ultimate AI Tool for Bypassing Restrictions and Unlocking Content Seamlessly!

Leave A Comment