Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň milli demokratik ýörelgelere, saýlap alan parahatçylyk we döredijilik ýoluna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi bilen bir hatarda, hukuk, dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurmagyň pugta binýady hökmünde demokratik ýörelgeler hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu ugurdaky işlerde asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli tejribäniň, häzirki döwrüň talaplarynyň özboluşly sazlaşygy beýanyny tapýar. Munuň özi türkmenistanlylaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan meselelerini çözmäge işjeň çekilmegine, Watanymyzyň ykbaly, geljegi üçin her bir raýatyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ählihalk forumyna toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, onuň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek möhüm waka bolar. Şunda mejlisiň maksatnamasyny we degişli resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga, raýatlardan gelip gowuşýan tekliplere hem-de ýüzlenmelere garamaga, olary hasaba almaga, ulgamlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. 15-nji iýulda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk forumynda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemleniljekdigini, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şoňa görä-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda taryhy ähmiýetli mejlisiň guramaçylykly geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli tabşyryklary berdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu ählihalk forumyna taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmalydyrlar. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleriň seljerilmelidigini nygtady. Täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenildi. Bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigi aýdyldy. Milli Liderimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermegiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmegiň, teklipleri işläp taýýarlamagyň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmak, ýokary wekilçilikli edaranyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigi nygtaldy. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrýandygyny, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň diňe bir Watanymyzyň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýändiginiň güwäsidir. Şu ýylyň röwşen maksatlary we onuň şygarynyň mazmuny geçirilen hem-de geçirilmegi göz öňünde tutulýan, şol sanda halkara derejedäki çärelerde aýdyň beýanyny tapýar. Şunda meşhur ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga, seýisçilik sungatyny hem-de türkmen halkynyň köpasyrlyk atçylyk däp-dessurlaryny giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezidiumyň mejlisindäki çykyşynda atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaş watandaşlarymyzyň gazanan üstünliklerini kanagatlanma bilen belledi. Olar Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdi. Meşhur çapyksuwarlarymyz Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny dünýäde wagyz etmäge mümkinçilik berjek Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda sentýabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty hem-de ahalteke bedewleriniň аrаsynda gözellik bäsleşigi şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrar. Giň gerimli forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ýewropanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýär. Bu çempionat hem-de bäsleşik diňe bir behişdi bedewlerimiziň ajaýyp häsiýetlerini, gaýtalanmajak gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen medeni we sport gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz beýleki wezipeler bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet