9-njy maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň özleriniň halypa professor mugallymlarynyň halypalyk etmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikleriň üsti bilen has-da berkitmek maksady bilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar, olaryň aýratynlyklary, öndürilýän önümler […]