9-njy maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň özleriniň halypa professor mugallymlarynyň halypalyk etmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikleriň üsti bilen has-da berkitmek maksady bilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar, olaryň aýratynlyklary, öndürilýän önümler barada giňişleýin maglumat berildi.
Göçme okuw sapagy Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Şeýle göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary bilimli, hemmetaraplaýyn kämil türkmen ýaşlaryny kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog