24-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýy aralygynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisine gatnaşdylar.
Şeýle iri möçberli forumlaryň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň arasynda öz ornuny pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabat şäherini mundan beýläkde ösdürmek boýunça başy başlanan beýik işleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýändigini bütin dünýä açyp görkezmek bilen, bu halkara sergi paýtagtymyzyň şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda gazananlaryny, jemgyýetçilik, ykdysady, ylym-bilim, medeni üstünliklerini açyp gökezmekde uly ähmiýete eýedir.
KERIMGELDI SAPAROW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy