25-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektro polat erediji sehiniň elektro peçlerde gol astynda polat gaýnadyjysy Godorow Öwezberdi Garajaýewiç we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça sehiniň metal böleklerini we galyndylaryny sortlaýjy-ýygnaýjysy Orazgulyýew Begençmyrat Begmyradowiçdagylar Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli syýastyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek we pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda mundan beýläkde has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni