2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň dag eteklerindäki Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Bu waka mynasybetli joşgunly aýdymlara, şowhunly tanslara, çagalar toparlarynyň şadyýan sahna çykyşlaryna giň gerim berildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň işgärleriniň çagalary ajaýyp jülgedäki «Çynar» we «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş merkezlerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Ahal» sagaldyş we dynç alyş merkezinde üç tapgyrda dynç alarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watana wepaly, il halar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky edilýän tagallalar ýurdumyzyň mundan beýläkde durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrülen Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hem-de welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
HOJANEPES ORAZOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni