24-nji iýulda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awgust aýynyň başyna geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçinji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, bu maslahatyň ähmiýetine bagyşlanan gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň meýilnama duýduruş işlerini alyp baryjy inženeri N.Seýitmyradow gatnaşdy.
Gepleşigiň dowamynda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçiriljek halkara ähmiýetli maslahatyň geçirilmeginiň täze çözgütleri tapmakda, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmekde, Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýol-ulag infrastrukturasyny ösdürmekde, şeýle hem täze mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
ORAZBERDI ANNADURDYÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog