22-nji awgustda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda geçirilýän «Kids expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar.

         Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hem-de hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda nurana geljegmiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalarymyz üçin döredileýän ähli mümkinçilikleri açyp görkezýän halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi, Garaşsyz Watanymyzyň çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwrülendigini ýene bir gezek bütin dünýä subut etdi.

KERIMGELDI SAPAROW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Işgärler bölüminiň başlygy