Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Lebap welaýaty, 24-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasatyna laýyk gelýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Harby gullukçylar iň täze tehnikalara erk etmek, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany bolup, merdana ata-babalarymyzyň Watana wepalylyk ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. …Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Lebap welaýatyna ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline gondy we hormatly Prezidentimiz bu ýerden dikuçarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Dabaranyň geçirilýän ýerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esasy girelgesine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlandy. Edebi-sazly kompozisiýada türkmen serkerdeleriniň gahrymançylyga beslenen şöhratly ýoly, Watanymyzyň asudalygyny berkarar etmegiň her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdugy öz beýanyny tapdy. Harby gullukçylardan düzülen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymynda ýurdumyzyň ösüşleri wasp edildi. Döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi. “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilipdir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de ýurdumyzda harby gullukçylary taýýarlamak işine möhüm üns berilýändiginiň beýanydyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimize dolandyryş binasynda ornaşdyrylan ýörite enjamlardyr serişdeler, döwrebap howpsuzlandyryş toplumlary, olaryň aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi, bu ýerde döredilen şertler ýokary halkara ölçeglere, harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar, programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Harby gullukçylar döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watan goragçylarynyň harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, 2026-njy ýylyň buýsançly şygary bilen atlandyrylan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Ýatakhanada harby gullukçylaryň dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir. Şeýle-de onda harby gullukçylara degişli durmuş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, gündelik we möwsümleýin harby lybaslary saklamak üçin döwrebap mebeller bilen üpjün edilen birnäçe otaglar bar. Şunuň bilen bir hatarda, beýleki goşlary saklamaga niýetlenen aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş bilen bagly degişli zerurlyklaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berip, olary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. “Galkynyş” otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylara boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge, bilimlerini artdyrmaga ýardam eder. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige ýugrulan kitaplarynyň ýerleşdirilmegi Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde sport otagyna hem baryp gördi. Otagda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklary, beden taýdan taplanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny, harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Naharhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi harby gullukçylary talabalaýyk we ýokumly iýmitlendirmekde amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerde azyk önümlerini kada laýyk saklamak üçin ýörite otaglaryň, hususan-da, ammarlaryň, sowadyjylaryň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik ýörelgelerine laýyk gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirýär. Çagyryş boýunça harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiz naharhanada işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, azyk önümleriniň hemişe ekologik taýdan arassa bolmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýolugra sport meýdançasynda harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady. Sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sport hereketine giňden çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylaryň hem sport bilen meşgullanmaklary, beden taýdan taplanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda toplumda döredilen futbol, woleýbol, basketbol we ylgaw meýdançalary harby gullukçylaryň saglygyny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün eder. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş

Read More

Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip

Arkadag şäheri, 24-nji ýanwar (TDH). Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy we saglygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda gysga wagtyň içinde ynsanperwer ýörelgeleri amala aşyrmagyň ajaýyp nusgasyna öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine üns berildi. Nygtalyşy ýaly, gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, durmuş goldawyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi giň halkara ykrarnama mynasypdyr. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminama durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmek üçin berk hukuk binýady bolup çykyş edýär. Pikir alyşmalaryň çäklerinde Ähtnamanyň bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak babatda täze gözýetimleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen bu resminamany ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada-da durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, çagalaryň durmuşa goşulyşmagy ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ynsanperwer meseleleriň giň toplumy boýunça ýakyn dialogy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigine ünsi çekdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bu ugurda döwlet kepilliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna tagallalaryň birleşdirilmeginiň çagalaryň röwşen geljegini üpjün etmek işinde täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şeýlelikde, bu duşuşyk adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan Türkmenistanyň çagalaryň saglygynyň hem-de ýagty geljeginiň bähbidine ynsanperwer taglymlara, halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Read More