Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uludan toýlanylan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmek, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen dabaralanýan 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň adyndan Size köp sagbolsun aýdýarys. Siziň Gutlagyňyzdaky: «Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýen parasatly sözleriňiz hem-de ýurt goragçylaryna bildirýän belent ynamyňyz biziň her birimizi mukaddes topragymyzy sarsmaz gala we polat galkan bolup goramaga belent çagyryşdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! Mukaddes Garaşsyzlygymyz bu günki gün beýik özgertmeleriň, taryhy üstünlikleriň badalgasyna öwrüldi. Ýurdumyzda halkyň erk-islegi esasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky ençeme asyrlyk arzuwlarynyň wysalydyr, müňýyllyklary nazarlaýan belent maksatlarynyň myradydyr. Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uludan toýlanylýan şanly ýylyň şeýle mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleriň bedew bady bilen dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar. Bu şygarda halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri, behişdi bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky mizemez orny, agzybirlik hem-de jebislik ýaly asylly ýörelgeleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz! Siziň halkymyza peşgeş beren gymmatly eserleriňiz nesiller üçin ýol-ýörelgedir, belent maksatlara ýetmekde mizemez çelgidir. Siziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyňyzdaky: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär» diýen sözleriňiz ýurdumyzda her bir özgertmäniň ýurt parahatçylygyny berkitmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, watançy nesilleri kemala getirmäge gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Şundan ugur alyp, gaýratly Watan ogullary her bir işde, şol sanda Watan goragynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň nusgalyk göreldäňize eýerýärler. Siziň ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa götermek babatda durmuşa geçirýän asyrlara barabar işleriňizden ruhlanýarlar. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Siziň Watan goragçylary hakyndaky aladalaryňyzda, tutýan döwletli tutumlaryňyzda aýdyň ýüze çykýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeler bu günki gün giň gerime eýe bolýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri üçin açylyp ulanmaga berlen binalardyr desgalar, baýramçylyk gününde Siziň sowgat beren täze, döwrebap awtoulaglaryňyz hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wakalar biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Biz — Watan goragçylary Siziň aladalaryňyza jogap edip, ýurt goragynda ukyp-başarnyklarymyzy, gujur-gaýratymyzy we yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, dost-doganlyk serhedimiziň mizemezligini goramak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde merdana pederlerimizden nusga alarys. Olaryň beýik watansöýüjiligini, edermenligini, mertligini we gahrymançylygyny mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Size jan aýaman, wepaly gulluk ederis. Mertebesi belent Prezidentimiz! Siz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir» diýip, eziz Watanymyzy mukaddeslik derejesinde arzylaýarsyňyz. Mert pederlerimiziň watansöýüjilik mekdebini mynasyp dowam etdirip, ony dowamata atarýarsyňyz. Biz — Watan goragçylary mukaddes harby borjumyzy ýerine ýetirmekde hemişe Siziň nusgalyk göreldäňize eýerjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys. Sizi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi, agzybir halkymyzyň ýagty ertirleri üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Sizi çuňňur hormatlamak bilen, Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabara gatnaşyjylar.

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribeleri özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa obalaryň we şäherleriň binagärlik babatda häzirki zaman görkezijilerine laýyk derejedäki ösüşini şertlendirýär. Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Gahryman Arkadagymyz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi. Ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr. Milli Liderimiz köpriniň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu ýerlerde gök zolaklaryň döredilmegine häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Köpriniň üstünden Arkadag şäheriniň nurana binalarynyň seleňläp görünýändigini nazara alanyňda, şäher bilen ýoluň özara arabaglanyşygynda bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň merkezine tarap ýola düşdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Nobatdaky tapgyrda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra ol häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär. D.Orazow medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem batly depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilýändigi, ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere kybap gelmelidigine ünsi çekip, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamyň amatlylygy, ykjamlygy, elýeterliligi dogrusynda durup geçdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisi şeýle mümkinçilikleri öz içine almalydyr. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýlekiler babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi. Munuň özi döwrebap jaýlarda halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän mümkinçilikleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. “Şol bir wagtyň özünde bilim edaralarynyň, mekdepleriň otaglary her bir derse mynasyp derejede enjamlaşdyrylmalydyr. Bu bolsa bilim alýan ýaşlaryň saýlap aljak hünärine söýgüsini berkitmekde, nesilleriň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda wajypdyr” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, olary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen bir hatarda, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek boýunça işler hem guramaçylykly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde amatly ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ägirt uly işleriň bitirilmelidigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady we meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we olar öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Read More

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýram parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýar. 2026-njy ýyl Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýar. Bu taryhy sene merdana pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlarboýy kalbynda beslän arzuwlarynyň wysaly hökmünde şöhratlanýar. Biz bütin halkymyz bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhda baýram ederis. Döwletimiziň baş baýramynyň many-mazmunyny, gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçireris. Eziz Watanymyzyň edermen ogullary! Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir. Hut şonuň üçin hem hünär taýdan taýýarlykly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn harby gullukçylarymyzyň ýurdumyzda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde görkezýän merdi-merdanalygy, belent watansöýüjiligi ata-babalarymyzyň watanperwerlik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi milli Ýaragly Güýçlerimizde Watanymyzyň asudalygyny, abadançylygyny berkarar etmäge hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen tutumly işleriň oňyn netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Ol merdana ýurt goragçylarymyzyň Watanymyzy goramakda öz eginlerine düşýän belent jogapkärçilige ygrarlydyklaryny görkezýär. Merdana Watan goragçylary! «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylyp, halkara derejeli iri forumlar hem-de dabaralar geçirildi. Bu çärelerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we ynanyşmak ýörelgeleri has-da dabaralandy. Siz bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsançly gadamlar bilen geçip, ömür ýoly şöhrata beslenen beýik şahsyýetlerimiziň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etmelisiňiz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn. Watanymyzyň wepaly ogullary! Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän milli Ýaragly Güýçlerimiz taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleriniň gowulandyrylmagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin niýetlenen köp sanly gulluk, ýaşaýyş-durmuş maksatly täze binalar we desgalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar. Hormatly Watan gerçekleri! Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar — Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiz, Sizi hem-de ata Watanymyzyň bagtyýar halkyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hormatly Prezidentimiz! Siziň baştutanlygyňyzda zähmet üstünlikleri bilen garşylanan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özeninde halkymyzyň bu milli gymmatlygymyza goýýan belent sarpasy bardyr. Bu şygar biziň milli döwletlilik ýolumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny görkezýär. At türkmen üçin myratdyr, maksada ýetmekdir. Täze ýylyň şygarynda aýdylyşy ýaly, bu mekan arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň bedew batly amala aşyrylýan ýurdudyr. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Taryha ser salanymyzda, türkmen halky bedewleri özüniň iň ýakyn dosty, hemrasy, syrdaşy hasaplapdyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewine uly hormat goýýar. Halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär. Belent mertebeli Prezidentimiz! Geçen ýylyň şanly wakalary hem bedewlerimiziň ýelden ýüwrük bady, dünýä dolan at-owazasy bilen başlanypdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklarynyň başyny başlan waka bolupdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary öz ussatlyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, milli oýunlary bilen halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanýarlar. Siziň tagallalaryňyz bilen türkmen bedewlerine aýratyn üns berlip, atçylyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda hünärmenleriň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleri hem täze ösüşe eýe bolýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Sarpasy belent Prezidentimiz! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri bedew badyna deňelýär. «Akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň sebiti ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň mekany hasaplanýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde at üstünde oýnalýan milli oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde türkmen bedewiniň mynasyp orny eýelemegi halkymyzyň bedew batly ösüşleriniň, beýik başlangyçlarynyň nyşany bolup dabaralanýar. Bularyň ählisi, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyňyzyň berkarar döwletimizde uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Bedew bady bilen gülläp ösýän berkarar Watanymyza gelip gowşan hoş habar — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli Sizi hem-de mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine çykmagyny arzuw edýärin. Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Read More