Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar

Geçen hepde milli däplerimize berk ygrarly bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň ynamly amala aşyrylýandygyny, olaryň ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ykdysady öňegidişligiň üpjün edilmegine, halkyň abadan durmuşyna gönükdirilendigini tassyklaýan wakalara baý boldy. 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumy, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýarlanylýar. Şol bir wagtda welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk möwsüminiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny pugta berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak çäreleriniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi babatda tabşyryklary berdi. 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň berkligine, merkezi şaýollaryň ugrunda bina ediljek ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegini göz öňünde tutmaga, köpriniň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, häzirki zaman şertleri döredilýän 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bilim edaralarynda, saglyk merkezlerinde täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak, öňde boljak şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňky wagtda şäheriň häkimligi tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şeýle-de binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine, olaryň öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidigine üns çekildi. 30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, bank işini döwrebaplaşdyrmak we sanly ykdysadyýeti, nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny giňden wagyz etmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklipler hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu sergä gatnaşmak üçin eýýäm dostlukly ýurduň 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlary, himiki serişdeleri, demir önümleri, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler, gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümlerdir. Şu ýylyň mart aýynda Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwal geçiriler. Festiwala dessançy bagşylar, sazandalar, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we okuwçylar gatnaşarlar. Onuň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Täze elektron neşir ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeleri giňden beýan eder. Onda professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Bu teklibi hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda öňe sürüpdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça esasy hyzmatdaş hökmünde BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi kesgitlenildi. Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, şeýle hem “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Olimpiýa şäherçesine geldi. Milli Liderimiz häzirki döwürde halkara giňişlikde üstünlikli çykyş edýän “Arkadag” futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli ýaryşynyň geçiriljek ýeri bolan 45 müň orunlyk, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzda üstünlikli geçirilen «Aziada — 2017-niň» esasy nyşany bolan alabaýyň şekiline üns berildi. Bellenilişi ýaly, alabaýyň şekili şol oýunlarda türkmen türgenlerini uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Bu gezekki ýaryşda hem alabaýyň şekiliniň halkara futbol bäsleşiginiň nyşany hökmünde seçilip alynmagynyň ähmiýeti barada aýdyldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika, taekwondo, tans sporty, kik-boksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard sporty, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilendigi, onuň her bir görnüşiniň özboluşly nyşanynyň bolandygy nygtaldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi halkara giňişlikde ýurdumyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki sport abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki döwürde olaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilmegi bilen, Türkmenistan dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň milli sport ulgamyndaky giň möçberli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigi nazara alnyp, sportuň ähli görnüşlerini, şol sanda türkmen futbolyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Bu bolsa oňyn netijelerini hem berýär. Türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň, bosgunlaryň wekilleriniň müňlerçesiniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Aşgabat Aziadasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ýurdumyzda halkara sport bäsleşiklerini geçirmek boýunça toplanan tejribäniň has-da baýlaşmagyna giň ýol açdy. Şunda ýaryşlara Türkmenistanyň başlangyjy bilen Okeaniýa ýurtlarynyň hem-de bosgunlaryň wekilleriniň gatnaşdyrylmagy, oýunlaryň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň girizilmegi onuň tapawutly aýratynlygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edildi. Sport toplumynyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen binalarynda “Aziada — 2017” oýunlary ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň sport taryhynda möhüm orny eýelän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy Olimpiýa şäherçesine getirildi. Bu dabaraly ýöriş Diýarymyz boýunça 500 günläp dowam etdi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen iri ýaryşlara taýýarlygyň giň gerime eýe bolandygyny alamatlandyrdy. …Türkmen halkynyň Milli Lideri stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň möhüm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolan bäsleşigiň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy futbol ýaryşynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, futbol janköýerleri we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Futbol ýaryşynyň dünýäde giňden beýan edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Bu ýerde ýaryşa tomaşa etjekler üçin bolşy ýaly, türgenler we tälimçiler üçin hem zerur şertler döredilmelidir. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekip, hormatly Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow stadionyň futbol meýdançasynyň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigi hem-de stadionda halkara ýaryşlary, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygy barada giňişleýin maglumat berdi. Stadionyň futbol meýdançasy oýundan beýleki wagtlarda ýörite polietilen bilen örtülýär. Munuň özi meýdançanyň hemişe talabalaýyk derejede saklanmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz sport ulgamyna degişli ähli desgalaryň, şol sanda Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň, Olimpiýa stadionynyň meýdançasynyň ykrar edilen talaplara laýyk derejede saklanmagy bilen bagly meseleleriň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz başlanmagyna 10 gün galan halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” “Sport, sen — parahatçylyk!” diýen sözlerini mysal getirdi. Munuň özi dünýäde ruhubelentligiň senasy, parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çagyryşy, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ynamyň netijesi hökmünde ykrar edilendir. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we giň möçberli başlangyçlary Pýer de Kuberteniň sporty wasp edýän jümleleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu bolsa ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda edilýän tagallalaryň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyz hem sporty parahatçylygyň ilçisi hasaplaýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara ýaryşlary guramak, türgenleşikleri geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap sport toplumlary we köpugurly stadionlar hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlananda, olarda sport meýdançalarynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. Köpugurly sport toplumlary we türgenleşik merkezleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde wajyp ähmiýete eýedir. Stadionlaryň, häzirki zaman sport toplumlarynyň gurluş aýratynlyklary şäherleriň ugurdaş desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper-monumental keşbi şol görnüşiň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Bu ajaýyp keşpde “Aziada — 2017-niň” ähli pikir konsepsiýasy, Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge ygrarlylygy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň teklibine laýyklykda, Olimpiýa stadionynda ýerleşdirilen bedewiň şekiliniň, halkymyzyň asylly däbi esasynda, üzärligiň dessesi we örülen alaja bilen bezelmegi ýurdumyzda haýyr işleriň milli dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bu desgalar toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny,

Read More

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agzalan banklaryň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda 2026-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardyr desgalar barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýyl binalar we desgalar yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da ýurdumyzda köp sanly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de olaryň sanawyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler bolup durýarlar. Şolaryň arasynda gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümler hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Daşoguz welaýatynda geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Halkara guramalar, şol sanda

Read More

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. (TDH)

Read More

Giň gerimli gurluşyklar – milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl okgunly ösüşler bilen badalga aldy. Täze ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy. Olarda bellenilen möhüm wezipeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz: “Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslaryny has-da berkidýäris. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip nygtady. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolan sarp edijilik isleginiň artmagyna getirýär. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurulmagy halkymyz barada edilýän hemmetaraplaýyn aladalaryň, ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň aýdyň mysalydyr. Bu giň gerimli taslamalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Olarda we açylmagy meýilleşdirilýän beýleki obadyr şäherçelerde ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde açylan Bitaraplyk şäherçesiniň çäginde 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, saglyk öýi, edara, durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy. Ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, täze şäherçäniň bir we iki gatly jaýlarynda-da ýaşaýjylar üçin hemme amatly şertler bar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda Diýarymyzda öndürilen döwrebap gurluşyk we bezeg serişdelerinden peýdalanyldy. Jaýlardyr beýleki desgalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda, dynç alyş zolaklarynda dürli bag nahallary oturdyldy. Bu ýerde zerur inžener-tehniki, ýol we durmuş düzümleri hem guruldy. 160 orunlyk çagalar bagynda çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler bar. Döwrebap şäherçäniň 420 orunlyk umumybilim berýän mekdebinde ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly kemala gelmegi babatda zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de şäherçäniň çäginde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Söwda merkezinde harytlaryň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimiz şäherçäniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly mysaly bolup durýandygyny belledi. Bu şäherçe «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň sentýabrynda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy Ahal welaýatynyň ilaty üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ýerdäki oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary işlenip düzülende we gurlanda oba ilatyna mahsus bolan ähli aýratynlyklar göz öňünde tutulypdyr. Her bir jaýyň howlusynda hojalyk desgalary, mellek ýeri bar. Öýleriň bezeginde milli däpleriň we häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklary üpjün edýär. Giň, ýagty otaglar hojalyk tehnikalary, aşhana ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň, edara we durmuş maksatly desgalaryň töweregi döwrebap derejede abadanlaşdyrylypdyr. Döwrebap obada ýaş nesliň bilim almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Multimedia hem-de beýleki okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan iki gatly umumybilim berýän mekdep, oýun meýdançalary bolan çagalar bagy bu ýerde gurlan desgalaryň hataryndadyr. Şeýle hem ýerli ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň berjaý edilmegi üçin saglyk öýi hereket edýär. Oňa ýanaşyk ýerde ýerleşýän dermanhanadan oba ýaşaýjylary zerur bolan derman serişdelerini alyp bilýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlan ähli döwrebap oba-şäherlerde bolşy ýaly, bu ýerde hem häzirki zaman ýol-ulag, aragatnaşyk düzümleri, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlary çekilipdir. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde dabaraly açylan täze oba halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýany hökmünde “Bagtly zamana” diýlip atlandyryldy. Ol 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk öýüni, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny we beýleki desgalary özünde jemleýär. Türkmenistanda ýokary derejeli infrastruktura desgalary bolan şäherçelerdir obalar bilen birlikde, ähli sebitlerde, şäherlerde iri ýaşaýyş toplumlary hem gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylky mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Diýarymyzda möhüm seneleri we baýramçylyklary dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşdyryp bellemek asylly däbe öwrüldi. Geçen ýylda hem şanly senelere gabatlanyp, ýurdumyzyň şäherlerinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi açyldy. Ilata, hususan-da, goşmaça durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulan ýaş maşgalalar üçin hödürlenilýän ipoteka we sarp ediş karzlarynyň möçberi yzygiderli artýar. Türkmenistanda uzak möhletli, ýeňillikli esasda ýaşaýyş jaýlaryny karzlaşdyrmagyň dünýä tejribesine esaslanýan amatly ulgamynyň hereket edýändigi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri bolan ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýaşaýyş jaý, infrastruktura desgalarynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri ähli babatda häzirki zaman şähergurluşygynyň nusgasydyr. Munuň şeýledigi daşary döwletleriň we halkara düzümleriň köp sanly güwänamalary bilen tassyklanyldy. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Onuň gurluşygy degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýokary depginde amala aşyrylýar. 10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalarda işleriň barşy we gurluşygy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde geçirilen duşuşykda ikinji tapgyryň çäklerinde alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak, senagat kärhanalarynyň, lukmançylyk klasteriniň gurluşyklary bilen bagly meselelere garaldy. Oňa Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery», Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň birnäçe döwlet we hususy düzümleriniň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky, Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Milli Liderimiz döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hilini we

Read More