Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkim gyş paslynda welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda azyklyk ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ylmy taýdan esaslandyrylan talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin bar bolan serişdeleriň netijeli peýdalanylmagynyň we önümçilikde agrotehniki kadalaryň tutuş toplumynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berildi. Hormatly